Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakykata düşünmek: Ganly gyrgyz-özbek çaknyşyklarynyň baş derňewçisi 10 ýyl yza nazar aýlaýar


"Biz ýagdaýy bolşy ýaly açyp görkezmäge synanyşmak bilen, şeýlelikde problemany "barlyşyk prosesi" arkaly çözmäge ýardam bermek isledik, şuňa ak ýürekden bil bagladyk" diýip, Kiljunen aýtdy.
"Biz ýagdaýy bolşy ýaly açyp görkezmäge synanyşmak bilen, şeýlelikde problemany "barlyşyk prosesi" arkaly çözmäge ýardam bermek isledik, şuňa ak ýürekden bil bagladyk" diýip, Kiljunen aýtdy.

"Bu hakykatdanam geň ýagdaý, sebäbi men, megerem, dünýäde parlamentiň karary esasynda persona non grata bolan ýeke-täk adam" diýip, Kiljunen zorlugyň 10 ýyllygynyň öňüsyrasynda Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

2010-njy ýylyň iýun aýynda gyrgyz we özbek jemgyýetleriniň arasynda bolan we Gyrgyzystanyň günortasyny weýran edip, azyndan 470 adamyň ölmegine, müňlerçe adamyň ýaralanmagyna we ýüzlerçe müň adamyň öýlerinden zor bilen bosdurylmagyna alyp gelen aýylganç zorlukly çaknyşyklardan bäri on ýyl geçdi.

Wagtlaýyn prezident Roza Otunbaýewa manysyz gyrgynçylygyň yz ýanyndaky başagaýlykda wakalaryň düýp sebäplerini açmak üçin garaşsyz, halkara derňewleriniň geçirilmegine çagyrdy.

Netijede, Russiýadan, Fransiýadan, Angliýadan, Estoniýadan, Awstraliýadan we Türkiýeden bolan hünärmenleriň gatnaşmagynda ýedi agzaly topar, Gyrgyzystanyň Derňew Geňeşi (GDG) döredildi.

Oňa finlýandiýaly syýasatçy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň (OSCE PA) Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Kimmo Kiljunen ýolbaşçylyk etdi.

Kiljunen geljekde şuňa meňzeş etniki çaknyşyklaryň öňüni almak we iň esasysy bolsa, özbek we gyrgyz jemgyýetlerine "parahatçylyk, durnuklylyk we barlyşyk" getirmekde Bişkege maslahat bermek maksady bilen, belli halkara hukukçylaryny, adam hukuklary boýunça hünärmenleri, konflikt derňewi boýunça hünärmenleri, bir ýyla golaý wagtyny zorlugyň sebäplerini derňemäge sarp eden adamlary bir ýere jemledi.

Oş şäherinde ýanýan bina. 11-nji iýun, 2010.
Oş şäherinde ýanýan bina. 11-nji iýun, 2010.

Ýüzlerçe şaýat bilen söhbetdeşlik geçirip, esasan Oş we Jelalabat şäherlerinde bolup geçen wakalaryň müňlerçe suratyny we wideo ýazgylaryny görenden soň, GDG 2011-nji ýylyň 3-nji maýynda jikme-jik hasabatyny çap etdi.

Hasabatda hiç hili uruş jenaýatynyň ýa-da genosidiň bolmandygy aýdylan hem bolsa, käbir zorluk hereketleriniň adamzada garşy jenaýat hökmünde jogapkärçilige çekmek üçin ýeterlik bolup biljekdigi öňe sürülýär.

Prezident Kurmanbek Bakiýew zorlukly gozgalaň netijesinde agdarylandan soň bary-ýogy iki aý iş başynda bolan täze gyrgyz hökümeti-de, ýurduň parlamenti hem bu hasabatda gelnen netijeleri ret etdi.

Etniki özbekleri “goragsyz pidalar” hökmünde görkezýändigini aýdyp, hökümet beýanaty bu hasabaty kabul ederliksiz we bir taraply diýip häsiýetlendirdi.

Şeýle-de onda derňewçileriň “diňe bir etniki toparyň” jenaýatyna aşa üns berip, gyrgyz etniki “pidalaryna we ölümlerine” kän ähmiýet bermändigi öňe sürülýär.

Bişkekdäki bir kanun çykaryjy Kiljuneni etniki gyrgyz raýatlaryna garşy edilen hüjümleri aklamak üçin etniki özbek “separatistlerinden” para almakda aýyplady, Kiljunen bu aýyplamny ret etdi we “gülkünç” hemde “uly ýalan” diýip atlandyrdy.

Geçiş lideri Roza Otunbaýewa. Bişkek, 11-nji iýun, 2010.
Geçiş lideri Roza Otunbaýewa. Bişkek, 11-nji iýun, 2010.

Otunbaýewa bolsa, şol wagt öz gezeginde, halkara derňew toparynyň işini "möhüm we zerur" diýip öwdi.

Emma muňa garamazdan, şeýle zorlukly ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak üçin edilen teklipleriň käbirini ýerine ýetirmegiň deregine, Bişkekdäki kanun çykaryjylar 2011-nji ýylyň 26-njy maýynda Kiljuneni "persona gnon grata" – ýurda gelmegi ýa ýurtda galmagy gadagan edilen adam diýip yglan etdiler.

2010-njy ýylyň iýun aýyndaky etniki çaknyşyklardan bäri tegelek on ýylyň geçendigine garamazdan, Gyrgyzystan henizem bu derňew toparynyň teklipleriniň köpüsini ýerine ýetirmän gelýär.

Häzirki wagtda Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bolup işleýän Kiljunen bolsa henizem Gyrgyzystanda persona non grata bolmagynda galýar.

'Hakykat' we 'Barlyşyk'

"Bu hakykatdanam geň ýagdaý, sebäbi men, megerem, dünýäde parlamentiň karary esasynda persona non grata bolan ýeke-täk adam" diýip, Kiljunen zorlugyň 10 ýyllygynyň öňüsyrasynda Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

"[Adatça] bütin dünýäde persona grata karary hökümet tarapyndan kabul edilýär we hökümet tarapyndan hem täzelenýär" diýip, ol aýdýar.

"Biz ýagdaýy bolşy ýaly açyp görkezmäge synanyşmak bilen, şeýlelikde problemany "barlyşyk prosesi" arkaly çözmäge ýardam bermek isledik, şuňa ak ýürekden bil bagladyk" diýip, Kiljunen komissiýanyň taýýarlan hasabaty barada gürrüň berende aýtdy.

"Biz diňe faktlary bermäge we pida bolanlaryň kimdigini, näçe adamyň öldürilendigini we problemaly ýerleriň nämedigini aýtmaga synanyşdyk" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Derňew topary hakykatda zorlukly wakalar netijesinde etniki özbekleriň has artyk zyýan çekendigini, ölüm pidalarynyň takmynan 74 prosentiniň şolara degişli bolandygyny öňe sürdi.

Şu aralykda, Kiljuneniň bellemegine görä, gyrgyz häkimiýetleri tarapyndan geçirilen sud seljerişlikleriniň we jogapkärçilige çekmeleriň 80 prosente golaýy entiki özbeklere garşy gönükdirildi.

Şeýle-de, derňew toparynyň gelen netijesine görä, Oş şäherindäki etniki özbek etraplaryna edilen käbir hüjümler "hiç bir şübhesiz subut edilse", adamzada garşy jenaýata barabar hasaplanyp biler.

Bular “adam öldürmek, zorlamak, beýleki görnüşdäki jynsy zorluklar, fiziki zorluklar we etnik sebäplere görä tanalýan topara garşy yzarlamalar” ýaly jenaýatlary öz içine alýar.

Bu bolup geçen wakalara on ýyldan soň ser salyp, Kiljunen derňew toparynyň hasabatynyň Bişkekde doly diňlenmändigini, sebäbi "gyrgyz ilatynyň ony okamak we problemany boýun almak islemändigini" aýdýar.

"Ylalaşyk prosesini gurmaga synanyşmak, umuman, gyrgyz jemgyýetiniň özüne bagly", “Bu, tutuş jemgyýet üçin örän öwrenerlikli bilim prosesi, sapak alynmaly ýagdaý” diýip, Kiljunen Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

“Gyrgyzystan ýaly bir ýurtda, aýdaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň aç-açan we demokratik pikirli jemgyýetde beýle gazaply zorlugyň ýüze çykmak ähtimallygy bütin halkara jemgyýetçiligini örän howsala saldy we haýran galdyrdy" diýip, ol aýtdy.

68 ýaşly Kiljunen derňew toparynyň Gyrgyzystanda etniki dartgynlygy azaltmaga kömek etjek teklipleriniň “çyn ýürekden edilendigini” aýdýar.

"Biz bu görnüşdäki ýagdaýda hakykat toparynyň ýygy-ýygydan ulanylýandygyny aýtdyk" diýip, ol düşündirdi. “Hakykat topary ýurduň taryhynda hiç hili [ýapyk] sahypanyň bolmazlygy we her tarapyň hakyky faktlaryň nämeden ybaratdygyny ykrar etmegi üçin meseläni açmaga synanyşýar" diýip, ol aýtdy.

"Faktlary görüp, olar bagyşlap we hasam öňe gidip bilerdiler" diýip, Kiljunen aýdýar. “Ýöne faktlary açmasaňyz, hakykatdanam bolup geçen zady inkär etjek bolsaňyz, bu ýerde ýene-de bir gezek [zorluga ýüz urmak] ähtimallygy bar."

"Elbetde, ilkinji orunda duran zat meseläni açmak we ony ara alyp maslahatlaşmak, soň belki-de jemgyýetiň wekilleriniň zorlukdan daşlaşmak we has ileri gitmek üçin biri-biri bilen duşuşmagy mümkin" diýip, ol aýtdy.

Gyrgyz resmileri hiç haçan hakykat toparyny döretmegiň golaýyna gelmedi.

Adam atlary tutuldy

2010-njy ýylyň 10-njy iýunynda Gyrgyzystanyň günortasynda etnik zorluk ýüze çykanda, Otunbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümet bary-ýogy iki aýlap häkimiýet başynda bolupdy.

Otunbaýewa şol wakalaryň ýyl dönüminden birnäçe gün öň beren interwýusynda öz hökümetiniň ne "örän durnukly ýa-da güýçli" bolandygyny, şeýle-de, Bakiýew agdarylmagyndan soň "paýtagt Bişkekdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmak synanyşygy sebäpli işiniň az bolmandygyny" aýtdy.

Ol Oşdaky zorlugyň döremeginiň sebäplerini Gyrgyzystanyň içindäki milletara gatnaşyklarynyň ýaramazlygynyň üstüne ýükledi we bu ýerde "galmagal turuzmak üçin pursatdan peýdalanmaga" itergi beren başga-başga faktorlaryň we güýçleriň hem bolandygyny öňe sürdi.

Zorluk başlamazyndan iki aý öň Otunbaýewa tarapyndan Oş welaýatynyň häkimi wezipesine bellenen Sooronbaý Jeenbekow indi Gyrgyzystanyň prezidenti bolup durýar.

Sooronbaý Jeenbekovw, Oş oblastynyň häkimi.
Sooronbaý Jeenbekovw, Oş oblastynyň häkimi.

Gyrgyzystanyň derňew geňeşiniň derňewçileri, 2010-njy ýylyň 11-nji iýunynda Bişkek häkimiýetleri adatdan daşary ýagdaý yglan edende öz kanuny ygtyýarlyklaryny Oş komendantyna tabşyryp, "özüne laýyk hereket edendigini" aýtmak bilen, Jeenbekowy akladylar.

GDG Jeenbekowyň Gyrgyzystanyň oba ýerleriniň adamlarynyň mobilizlenmeginiň öňüni almak üçin görkezme berendigini we wagtlaýyn hökümet wekilleri bilen Oş şäheriniň häkiminiň arasynda geçirilen möhüm ýygnaga gatnaşandygyny aýtdy.

Emma gyrgyz hökümetiniň käbir beýleki resmileriniň we harby işgärleriň hereketleri GDG tarapyndan zorlugyň iň möwjän döwründe etnik gyrgyz mähellesiniň Oşdaky etniki özbek etraplaryna hüjüm etmeginiň öňüni almak üçin "ýeterlik däl" hasaplandy.

Gyrgyzystanyň derňew geňeşiniň hasabatynda "Gyrgyzystanyň günortasyndaky wagtlaýyn hökümetiň ýörite wekili general Ysmaýyl Isakowyň Oş şäherinde we welaýatynda operasiýa merkezine we howpsuzlyk güýçlerine netijeli ýolbaşçylygy kabul edendigi" bellenilýär.

"Onuň 11-nji iýunda ýa-da ondan soňky günlerde howpsuzlyk güýçlerini adam öldürilmezligini üpjün edýän güýçleri ulanmak boýunça anyk buýruklar we görkezmeler esasynda ýerleşdirip bilmezligi düýpli ýalňyşlyk bolup durýar" diýip, hasabatda ýdylýar.

GDG Oş şäheriniň we welaýatyň komendanty Bakyt Alymbekowyň "general Isakowyň peýdasyna hukuk goraýjy edaralara bolan gözegçiligi bikanun ýatyrandygyny we tertip-düzgüniň dikeldilýän wagtynda özüniň adam hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek baradaky borjuny ýerine ýetirmändigini" aýtdy.

Bakytbek Alymbekow, IIM-niň başlygynyň birinji orunbasary, 9-njy iýun, 2011.
Bakytbek Alymbekow, IIM-niň başlygynyň birinji orunbasary, 9-njy iýun, 2011.

"Jelalabadyň komendanty Kubatbek Baýbolow Jelalabatdaky zorlugy bes etmek üçin elinde bolan ygtyýarlyklaryň çägindäki ähli çäräni görmegi başarmady" diýip, Kiljuneniň topary aýtdy.

GDG, öz häsiýetlendirmegine görä, "Oş şäheriniň häkimi Melis Myrzakmatowyň milletçi ritorikasyny" hem tankytlady we köpçülikde eden açyk beýanatlarynyň krizis döwründe "milletara dartgynlygy köşeşdirmäge peýda berip bilmejekdigini" aýtdy.

Baýbolowyň soň Gyrgyzystanyň baş prokurory bolandygyny bellemek bilen, GDG onuň, Gyrgyzystanyň “içerki we halkara hukuk borçnamalaryna” laýyklykda, “jenaýat derňewiniň we kazyýet işiniň gozgalmagyny üpjün edip bilmändigini" aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" we "Amnesty International" guramalary şondan bäri gyrgyz häkimiýetleri tarapyndan başlanan 5 müňden gowrak jenaýat derňewiniň köpüsinde etniki özbekleriň nyşana alynmagyny tankyt etmegini dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG