Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp polisiýanyň 'umuman' bogup saklamagy ulanmaly däldigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, käbir ýagdaýlardan başga halatlarda, polisiýanyň bokurdakdan bogup saklamagy ulanmaly däldigini aýtdy.

Ol 12-nji iýunda "Fox News" telekanalyna beren interwýusynda "umuman aýdylanda" bu tejribäniň "bes edilmelidigini" aýtdy.

"Men bogup saklamagy halamok ... (ýöne) käwagt ýeke bolsaňyz we kimdir biri bilen söweşýän bolsaňyz, bu ýagdaýda kyn" diýip, ol aýtdy.

Bu sözler afrikan asylly amerikan Jorj Floýd polisiýa tussaglygynda ölenden soň milletparazlyga garşy geçirilen ýörişleriň yzysüre admintrasiýa polisiýa bölümleriniň “güýç ulanmak boýunça häzirki hünär standartlaryna” eýermeklerini ruhlandyrmak üçin ýerine ýetiriji buýruk taýýarlaýan wagtynda aýdyldy.

Noýabr aýynda gaýtadan saýlanmak üçin dalaş edýän Tramp 11-nji iýunda eden aýry-aýry çykyşlarynda administrasiýanyň azlyklaryň jemgyýetlerinde ykdysady ösüşi erjellikli durmuşa geçirjekdigini, azlyklara hyzmat edýän lukmançylyk edaralaryna “ep-esli mukdarda” maýa goýup, saglygy goraýyşdaky deňsizliklere garşy durjakdygyny we ýagdaýy gowulaşjakdyrjakdygyny, mekdep saýlamak mümkinçiligini ösdürjekdikdigini aýtdy.

Kongresdäki demokratlar polisiýanyň reforma kanunlaryny, şol sanda bogup saklamagy gadagan etmek we polisiýa üçin kanuny goragy çäklendirmek baradaky kanunlary yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG