Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sud gazak-özbek serhedinde galan 50 täjigistanlyny deportasiýa etmegi buýurdy


Gazak-özbek serhedinde galan täjigistanlylar.
Gazak-özbek serhedinde galan täjigistanlylar.

“Ozodi” radiosynyň, Azatlygyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, Gazagystanyň günortasyndaky gazak-özbek serhedinde Täjigistanyň 178 raýaty hiç ýere çykyp bilmän galdy, olaryň 50 sanysy serhetleriň ýapylan şertlerinde ýurtdan çykmaly edildi.

Migrantlar 2-nji we 3-nji iýunda çykarylan kazyýet kararlarynyň nusgalaryny “Ozodi” radiosynyň redaksiýasyna iberdiler, ol dokumentlerde üç günüň içinde Gazagystany terk etmegiň zerurdygy aýdylýar.

Migrantlar kazyýetiň kararyny ýerine ýetirmeseler, jeza berilmeginden we azatlykdan mahrum edilmek ähtimallygyndan alada galýarlar.

Täjigistanly migrant Mehrob Kabirow Gazagystana fewral aýynda, gurluşyk kompaniýasynda işlemek üçin geldi, ýöne ýurtda yglan edilen karantin sebäpli işe başlap bilmedi.

“Men işe diňe 25-nji maýda geldim, ýöne şol gün men we beýleki birnäçe täjik raýaty tussag edildi. Sudýadan deportasiýa kararyny çykarmazlygy soradyk, sebäbi bir tarapdan pulumyz ýok, beýleki tarapdan ähli serhetler ýapyk" diýip, Kabirow gürrüň berdi.

Emma sudýa olara "Bu siziň problemaňyz, üç günüň içinde Gazagystanyň çäginden çykmaly" diýipdir.

XS
SM
MD
LG