Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow DIM-niň başlygyndan 'ykdysady diplomatiýany' teijemegi soraýar


Reşit Meredow hasabat berýär.

Türkmenistanyň prezidenti bäşinji gün daşary ýurt maýalaryny çekmek barada edýän talaplaryny öňkülerine garanda hem ýygjamlaşdyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow birbada üç wise-premýeriň, nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän Myratgeldi Meredowyň, söwda boýunça wise-premýer Çary Gylyjowyň hem-de DIM-niň başlygy Reşit Meredowyň öňünde daşary ýurt maýalaryny çekmek talabyny goýdy.

Döwlet baştutany 5-nji iýunda nebit bahalarynyň pese düşendigini ýene bir gezek belläp, çykalgany nebit-gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän mukdaryny yzygiderli artdyrmakda, bu önümleri daşarky bazarlarda ýerlemegiň strategiýasyny kesgitlemekde görýändigini aýdan bolsa, 12-nji iýunda “Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň işinden düýpli nägilelik bildirdi.

TDH prezidentiň bu pudagyň düzümleýin bölümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, degişli guramaçylyk çärelerini görmegi berk talap edendigini aýdýar.

Şeýle-de mejlisde Bütindünýä banky we onuň düzümine girýän Halkara maliýe korporasiýasy, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky bilen gepleşik geçirilýändigi, azyk önümçiligi ulgamyndaky taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça “netijeli çäreleriň görülýändigi” habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, prezident daşary işler ministrine ykdysady diplomatiýanyň ýörelgelerini amala aşyrmak, ýurduň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmak ugrundaky işlerini dowam etmegi tabşyrdy.

Synçylar, şol sanda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazow, soňky otuz ýyldaky ýagdaýlar saklanyp galsa, türkmen ykdysadyýetine hakyky maýa ýatyrjak iş adamlarynyň-da, guramalaryň-da bolmajakdygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG