Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da koronawirusdan ölenleriň sany Birinji jahan urşunda wepat bolan amerikalylaryň sanyndan aşdy


Dünýä boýunça koronawirusa 8,2 million adam ýolugyp, ondan ölenleriň sany hem 444 müňe golaýlady.
Dünýä boýunça koronawirusa 8,2 million adam ýolugyp, ondan ölenleriň sany hem 444 müňe golaýlady.

ABŞ-da koronawirusdan ölenleriň sany Birleşen Ştatlaryň Birinji jahan urşunda ýitiren esgerleriniň sanyndan hem aşdy.

Jons Hopkins Uniwersitetiniň 17-nji iýunda beren maglumatlaryna görä, ABŞ-da koronawirusdan ölenleriň sany 117 müňe golaýlapdyr, şeýle-de ondan ölenleriň sany 2,13 milliondan geçipdir. Birinji jahan urşunda Birleşen Ştatlaryň 116 müň 516 esgeri heläk bolupdy. Olaryň 53 müň 402-si söweş hereketleri, 63 müň 114-i hem keseller, hususan-da 1918-nji ýyldaky dümew epidemiýasy sebäpli ýogalypdy.

Dünýä boýunça koronawirusa 8,2 million adam ýolugyp, ondan ölenleriň sany hem 444 müňe golaýlady.

ABŞ-da her gün COVID-19 bilen bagly 23 müň täze ýagdaýyň hasaba alynýandygyna garamazdan, ýurt boýunça köp biznesler işlerini täzeden ýola goýup başladylar.

Şu hepde Ýewropa ýurtlarynyň aglabasy, üç aýa çeken çäklendirmelerden soň, syýahatçylar üçin serhetlerini açdy.

Bu aralykda, hytaý resmileri wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde, 17-nji iýunda Pekinden uçmaly 1 müň 255 ýolagçy uçar reýsini ýatyrdy. Soňky alty günüň dowamynda Pekinde koronawirusa ýolugan täze 137 ýagdaýyň üsti açyldy.

XS
SM
MD
LG