Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokurorlar öňki gyrgyz prezidentine 15 ýyl türme tussaglygyny soraýar


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prokurorlary jenaýat toparynyň ýolbaşçysy Aziz Batukaýewiň 2013-nji ýylda bikanun boşadylmagy sebäpli geçirilen kazyýet işinde öňki prezident Almazbek Atambaýewiň 15 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilmegini soradylar.

Şeýle-de, prokurorlar 16-njy iýunda Birinji Maý etrap kazyýetinden Atambaýewiň ähli döwlet baýraklaryndan mahrum edilmegini hem-de onuň emläginiň konfiskasiýa edilmegini soradylar.

Atambaýewiň aklawçysy Zamir Jooşew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda suduň höküminiň 18-nji iýunda yglan edilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

2013-nji ýylda duýdansyz türmeden boşadylan Batukaýew dessine ýurdy terk edip Russiýa bardy. Oňa gyrgyz kanun çykaryjysyny we içeri işler ministrliginiň resmisini öldürmek ýaly agyr jenaýatlar boýunça höküm çykarylypdy.

Ýokary derejeli kazyýet işinde jemi 19 sany ozalky resmi we lukmançylyk işgärine garşy günä bildirilýär. 63 ýaşly Atambaýew islendik düzgün bozmany ret edýär.

XS
SM
MD
LG