Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň öňki prezidentiniň COVID-19 synagy oňyn netije görkezdi


Nursoltan Nazarbaýew
Nursoltan Nazarbaýew

Hökümetiň 18-nji iýunda çykaran buýrugyna laýyklykda, şu dynç güni paýtagt Nur-Soltanda, ýurduň iň uly şäheri Almatyda we ýene dört şäherde (Garaganda, Şymkent, Pawlodar we Ekibastuz) goşmaça çäklendirmeler giriziler.

Gazagystanyň öňki prezidentiniň, geçen ýyl birden işden çekilendigine garamazdan, merkezi aziýa ýurduna şindi hem gözegçilik edýän Nursoltan Nazarbaýewiň koronawirus synagy oňyn netije görkezdi.

Nazarbaýewiň metbugat gullugy 18-nji iýunda öňki prezidentiň häzir özüni üzňeleşdirendigini we işini uzak aralykdan, aýrybaşga ýerde dowam etdirýändigini aýtdy.

79 ýaşly Nazarbaýew nebite baý öňki sowet respublikasyny 30 ýyl töweregi dolandyrandan soň, 2019-njy ýylyň mart aýynda işinden aýryljakdygyny mälim etdi. Emma ol dolandyryjy Nur-Otan partiýasyna we ýurduň uly ygtyýarlykly Howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylylygyny dowam etdirýär.

Şeýle-de ol "elbasy" - milletiň lideri derejesiniň berýän giň artykmaçlyklaryndan peýdalanýar.

Nazarbaýewiň garşydaşlary onuň, häzirki prezident Kasym-Žomomart Tokaýewiň hereketlerine berk gözegçilik etmek bilen, hakykatda 18 million ilatly ýurdy dolandyrmagyny dowam etdirýändigini aýdýarlar.

Ýakynda saglygy goraýyş ministri Elzhan Birtanowyň, mejlisiň aşaky palatasynyň başlygy Nurlan Nygmatuliniň, prezidentiň metbugat sekretary Berik Ualiniň we başga-da birnäçe resminiň koronawirus üçin beren synaglary oňyn netije berdi.

Şondan soň premýer-ministr Askar Mamin we onuň hökümetiniň dört agzasy, seresaplylyk çäresi hökmünde, özlerini izolýasiýa edýändiklerini habar berdiler.

Gazagystan 16-njy martda pandemiýa sebäpli adatdan daşary ýagdaý girizdi we 11-nji maýda bu düzgüni ýatyrdy. Şondan bäri hökümet wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen çäklendirmeleri ýuwaş-ýuwaşdan aýyrýar, ýöne saglyk häkimiýetleri 17-nji iýunda ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny, "gözegçilik astyndan çykýandygyny" aýtdylar.

Hökümetiň 18-nji iýunda çykaran buýrugyna laýyklykda, şu dynç güni paýtagt Nur-Soltanda, ýurduň iň uly şäheri Almatyda we ýene dört şäherde (Garaganda, Şymkent, Pawlodar we Ekibastuz) goşmaça çäklendirmeler giriziler.

Goşmaça çäklendirmeler iri dükanlarda, söwda merkezlerinde, bazar ýerlerinde işleriň togtadylmagyny we jemgyýetçilik transportynyň çäklendirilmegini hem öz içine alýar.

Şeýle-de, bu şäherlerdäki ähli seýilgähler, sport desgalary, güýmenje ýerleri ýapylar.

Diňe açyk restoranlarda işlemäge rugsat berler, ýöne müşderileriň biri-birinden azyndan 2 metr uzaklykda saklanmagyny talap edýän sosial aralyk görkezmelerini berjaý etmeli bolar.

Mundan başga, 65 ýaşdan uly raýatlaryň öýlerinden çykmaklary gadagan ediler.

Şeýle-de, hökümet ýerli häkimlere koronawirus barlagy üçin goşmaça ýerleri döretmek we saglyk edaralarynyň COVID-19 hassalarynyň sanynyň köpelmegi bilen bagly iş şertlerini gowulandyrmak, garşy duruş mümkinçiligini artdyrmak barada görkezme berdi.

18-nji iýuna çenli Gazagystanda hasaba alnan koronawirus näsaglarynyň umumy sanynyň 22,708 adam bolandygy, şol sanda 100 adamyň ölendigi habar berildi. Bu Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda iň uly görkeziji bolup durýar.

XS
SM
MD
LG