Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow koronawirus ýokaşan Nazarbaýewe kömek teklip edýär


Türkmenistan. Prezidentler Nursoltan Nazarbaýew (Ç), Wladimir Putin (O) we Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenbaşyda duşuşdy.
Türkmenistan. Prezidentler Nursoltan Nazarbaýew (Ç), Wladimir Putin (O) we Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenbaşyda duşuşdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursultan Nazarbaýewe hat ýollap, oňa koronawirus ýokanjynyň ýokandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini aýtdy.

Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn. Durmuşyň şu agyr günlerinde sizi hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygymyzy mälim etmek isleýärin” diýip, döwlet baştutanynyň hatynda aýdylýar.

Berdimuhamedow Nazarbaýewe hat ýollamazyndan bir gün öň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşip, ozal çakylygy kabul edendigine garamazdan, Moskwada 24-nji iýunda bellenýän Ýeňiş baýramçylygyna gatnaşyp bilmejekdigini aýtdy.

Ol munuň sebäbini 29-njy iýunda 63 ýaşynyň dolmagy we koronawirus ýokançlary zerarly karantin düzgünleriniň girizilmegi bilen düşündirdi.

Nazarbaýewiň metbugat gullugynyň 18-nji iýunda beren maglumatyna görä, öňki prezident häzir özüni üzňeleşdirdi we işini uzak aralykdan, aýrybaşga ýerde dowam etdirýär.

79 ýaşly Nazarbaýew nebite baý öňki sowet respublikasyny 30 ýyl töweregi dolandyrandan soň, 2019-njy ýylyň mart aýynda işinden aýryljakdygyny mälim etdi. Emma ol dolandyryjy Nur-Otan partiýasyna we ýurduň uly ygtyýarlykly Howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylylygyny dowam etdirýär, elbasy – milletiň lideri derejesinden peýdalanýar.

Türkmenistan özünde hiç bir koronawirus ýokanjynyň ýüze çykarylmandygyny aýdýar.

Ýerli saglyk işgärleri ýurtda koronawirus alamatlay bilen kesellän, ölýän adamlaryň bardygyny habar berýärler.

Ýurtdaky ýapyklyk, metbugat azatlygynyň bolmazlygy zerarly, ekspertler türkmen hökümetiniň beýanatlaryna şübheli garaýarlar.

XS
SM
MD
LG