Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saragtda saklanan ýük ulaglary goýberilýär, türk işewüri Aşgabadyň üstünden şikaýat edýär


Türkmenistan Täjigistana degişli ýük ulaglaryny hem serhetde uzak wagt, düşündiriş bermezden saklady.
Türkmenistan Täjigistana degişli ýük ulaglaryny hem serhetde uzak wagt, düşündiriş bermezden saklady.

Türkmenistan Eýrandan öz goňşularyna ýük getirýän awtoulaglary Sarahs serhediniň aňry ýüzünde iki ýarym aý saklanyndan soň, serhetden geçirip başlady diýip, Financialtribune.com neşiri Eýranyň gümrük häkimiýetlerine salgylanyp, habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, dördünji gün türkmen serhedinden onuň goňşularyna haryt alyp barýan ýük ulaglarynyň 30 sanysy goýberilipdir.

“Sarahs serhet geçelgesi, koronawirus ýokaşmalarynyň ýaýramagy bilen baglylykda, 1-nji aprelden bäri ýapykdy. Bu ýapylma netijesinde serhediň Eýran tarapynda dördünji güne çenli 770 ýük ulagy saklandy. Olaryň 30 sanysynyň serhetden goýberilmegi bilen, ol ýerde ýene 740 ýük ulagy rugsada garaşýar” diýip, ILNA neşiri Rouhollah Latife salgylanyp habar berdi.

Şu aralykda Stambuldan Azatlyk radiosyna telefon eden we özüni Polat diýip tanadan işewüriň sözlerine görä, Türkmenistan olaryň Özbegistana, Gazagystana we Gyrgyzystana iberen azyk önümlerini 120 günläp serhetde saklap, eksporta iberilen önümleriň zaýalanmagyna sebäp boldy.

Poladyň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri ýükleriň näme üçin serhetde saklanylýandygy hakynda hiç bir düşündiriş bermän, Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünlerini bozdy. Onuň pikiriçe, Türkmenistan koronawirusy bahana etdi we ýüzlerçe ýük ulagyny saklap, Eýran bilen aradaky söwda meselelerini çözmäge çalyşdy.

Polat şu aralykda öz mallarynyň, ýatyrymlarynyň puja çykandygyny we Türkmenistanyň üstünden, üstaşyr geçýän ýüki saklandygy üçin, Bütindünýä söwda guramasyna şikaýat edendiklerini aýdýar.

Mundan öň Türkmenistanyň Täjigistana degişli ýük ulaglaryny hem serhetde uzak wagt, düşündiriş bermezden saklandygy habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG