Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG: koronawirus bilen hasaba alnanlaryň gündeki sany ýokarlandy


Jemagat işgärleri COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin köçeleri dezinfeksiýa edýärler, Baku, 21-nji iýun, 2020
Jemagat işgärleri COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin köçeleri dezinfeksiýa edýärler, Baku, 21-nji iýun, 2020

Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) koronawirus keseliniň dünýäde ýaýramagyna degişli gündelik sanlaryň rekord derejesinde ýokarlanandygyny habar berdi. Bu ýagdaý ilkinji nobatda Demirgazyk we Günorta Amerika degişli.

BSG-niň 21-nji iýunda çap eden sanlaryna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda hasaba alnan 183,020 adamdan ýarsyndan gowragy, ýagny 116000 adam Amerika degişli.

Braziliýada 54 771 adama koronawirus täze ýokaşyp, bu ýurt birinji ýere çykypdyr, ABŞ-da 36 617 adam hasaba alnypdyr.

Jons Hopkins uniwersitetiniň beren habaryna görä, koronawirus sebäpli ýüze çykýan kesel COVID-19, dünýäde 8,9 milliondan gowrak adama ýokaşdy, 466 000 gowrak adamyň ölümine sebäp boldy.

BSG-niň maglumatyna görä, ABŞ-dan soň dünýäde koronawirusyň iň köp ýaýran gyzgyn nokady bolan Braziliýada 21-nji iýuna degişli sanlara laýyklykda 50 müň adam ýogady.

Braziliýada 1 milliondan gowrak adam keselledi, emma bilermenler keselçiligiň we ölümiň hakyky derejesiniň has ýokarydygyny, barlaglaryň azlyk etmegi sebäpli ýagdaýy anyklamagyň kyndygyny belleýärler. Latin Amerikanyň iň köp ilatly ýurdunda günde 1000 çemesi adam ýogalýar.

XS
SM
MD
LG