Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri medisina maskalaryny ​​we ellikleri geýmegi talap edip başlady. Bu COVID-19 garşy gijigen göreşmi?


Aşgabat
Aşgabat

Ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýtmagy dowam etdirýän Türkmenistanyň häkimiýetleri birden ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri güýçlendirdi. Saglygy saklaýyş işgärleri indi medisina maskalarynda we elliklerde işlemeli edildi. Paýtagtyň köçelerinde maskaly adamlar peýda boldy.

Şol bir wagtyň özünde Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda COVID-19 keseli täze anyklanan adamlaryň barha köpelýändigini aýdýarlar.

"Ýagdaý gitdigiçe özgerýär" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 23-nji iýunda aýtdy. Onuň paýtagtyň saglygy saklaýyş edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, aýtmagyna görä, hususan-da, Hitrowka, Howdan "A" etraplarynda we 30-njy etrapçada koronawirusly näsaglaryň ençemesi hasaba alnypdyr. Habarçymyz näsaglaryň sanyny anyklap bilmedi. Azatlygyň başga bir habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda ýurtda COVID-19 diagnozly onlarça adam hakda gürrüň gidýär.

Bir gün öň Lebap welaýatynyň sanitariýa-epidemiologiki gullugyndaky çeşmämiz, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen Türkmenistanyň gündogar regionynda COVID-19 testleri oňyn netije beren näsaglaryň sanynyň 13 adama ýetendigini aýtdy. Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary resmi taýdan ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Bu ýagdaý ýurtda dowam edýän ýiti pnewmoniýanyň ýaýran wagtyna gabat gelýär. Azatlyk bilen adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürleşen türkmen resmileri we saglyk işgärleri munuň COVID-19-dan başga zat däldigini aýdýarlar.

Soňky günlerde ýurduň hassahanalary we tutuş keselhana bölümleri, şeýle-de käbir döwlet edaralary karantine ýapyldy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary indi medisina edaralarynda ähli işgärlerden maska we ellik geýmegiň talap edilýändigini aýdýarlar.

Mundan öň koronawirusyň bolup bilmegini ret edýän türkmen ýolbaşçylary COVID-19 keseliniň ýurda aralaşmagyna garşy durmak üçin doly taýýardygyny mälim edipdi, emma sosial aralygy saklamak we maska dakynmak ýaly esasy öňüni alyş çäreleri ulanmandy, tersine, maskalary raýatlara geýmegi, dermanhanalara bolsa satmagy gadagan edipdi.

Häzir koronawirusa garşy çäklendiriji çäreleriň ýene güýçlenmegiň fonunda, dermanlarda maskalar we ellikler tapdyrmaýar, käbir dermanlaryň bahasy iki esse ýokarlanýar.

"Hiç ýerde maska ýok, dermanlaryň bahasy ýokarlandy. Mysal üçin, "Septoleto" dermanynyň bahasy 29 manatdy, indi 57-69 manada çykdy" - diýip habarçymyz aýdýar.

Häzirki wagtda paýtagtyň köp ýerlerinde, şol sanda döwlet edaralarynda adamlaryň gyzgyny ölçelýär. “Düýn Hasaba alyş palatasynda ýagdaý adatydy, şu gün bolsa maskaly we ellikli adamlar temperaturany ölçýärler, barýanlaryň ellerini dezinfeksiýa edýärler.

Dezinfeksiýanyň we ilatyň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmegiň güýçlendirilmegi Mary welaýatynda hem göze ilýär. "Baýramalyda ähli döwlet edaralarynda üýtgeşiklik bar, termometrleri, antiseptik, oksolin mazy we gipohloridi ulanmaly edildi" - diýip, Azatlygyň Baýramalydaky habarçysy 23-nji iýunda aýtdy.

Demirýol wokzalynda ýolagçylaryň gyzgyny barlanýar, Aşgabat, iýun, 2020
Demirýol wokzalynda ýolagçylaryň gyzgyny barlanýar, Aşgabat, iýun, 2020

Ýurduň gündogarynda ýaşaýjylar dezinfeksiýa edýän serişdeleri satyn almaga mejbur bolýar. Hususan-da, demir ýol trasportyndan peýdalanýan ýolagçylardan el arassalaýjy antibakterial serişdeleri satyn almak talap edilýär.

"Lebapdan Aşgabat şäherine gitmek isleýän ýolagçylar 38 manatlyk spreý görnüşli ýörite antiseptik satyn almaga mejbur edilýär. Bu dezinfeksiýa serişdesi Türkmenistanda hususy kärhana tarapyndan öndürilýär. Hatda ýanynda daşary ýurtda öndürlen antiseptigi bar ýolagçylar hem ony satyn almaga mejbur bolýarlar, ýogsa olara otla münmäge rugsat berilmeýär"- diýip, Lebapdaky habarçymyz 23-nji iýunda aýtdy.

Azatlyk Radiosy häzirki çäklendiriji we arassaçylyk çäreleriniň güýçlenmeginiň sebäbini Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekillerinden resmi taýdan anyklap bilmedi.

Bellemeli ýeri, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň ýolbaşçylylary BSG-niň COVID-19 boýunça bilermenleriniň köpden bäri garaşylýan saparynyň boljak wagtyny yglan etdiler. Türkmenistandaky ýagdaýy görmek isleýän missiýasynyň aprel aýynda planlaşdyran sapary şu çaka çenli başa baryp bilmändi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bütindünýä saglyk guramasynyň bilermenleriniň koronawirus ýagdaýyna baha bermek boýunça missiýasynyň iýulyň başynda gelmegine garaşylýandygyny mälim etdi.

"Şu günki gun BSG-niň bilermenler toparynyň ýurdumyza boljak saparyna taýýarlyga biz aýratyn üns berýäris" - Reşit Meredow 19-njy iýunda Aşgabatda geçirilen brifingde aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy şäher häkimliginiň 1-nji iýulda şäheri ýapmak we toý, ýas üýşmeleňlerini gadagan etmek ýaly berk çäreleri göz öňünde tutýandygyny habar berýär. Mundan öň paýtagt mart aýynda ýapylypdy we raýatlaryň tutuş ýurt boýunça hereket etmek mümkinçilikleri çäklendirilipdi, ýörite rugsatlar we saglyk resminamalary girizilipdi. Maý aýynyň ahyrynda bu çäklendirmeler gowşapdy.

Türkmen häkimiýetleri görülýän çäreler barada ilata düşündiriş bermeýärler, döwlet metbugaty bolup geçýän ýagdaýlary beýan etmeýär. Bu ýagdaýda ilat arasynda dürli çaklamalar ýaýraýar we gorkular artýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG