Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Putiniň häkimiýetini uzaldyp biljek ýedi günlük referendum ses berişligine başlaýar


Kreml howpsuzlygy üpjün etmek üçin ähli çäreleriň görlendigini aýdyp, saýlawçylaryň arasynda wirusyň ýaýramak howpy baradaky aladalary ret etdi.

Ruslar Wladimir Putiniň 12 ýyllyk häkimiýetiniň ömrüni uzaltmaga ýol açyp biljek konstitusion reformalar referendumynda ses berip başlady.

TASS habar agentliginiň habar bermegine görä, regional saýlaw komissiýalary we administratiw edaralar 25-nji iýunda Russiýanyň Uzak gündogar sebitlerindäki 14 oblastyň ählisinde saýlaw uçastoklarynyň açylandygyny aýtdylar.

Bu gün ýedi günlük saýlaw möhletiniň ilkinji günüdir.

Saýlaw uçastoklarynyň ýedi günläp açylmagy bilen tutuş ýurt boýunça 1-nji iýulda geçiriljek saýlawlarda köpçüligiň üýşmeginiň öňüni almak maksat edinilýär, sebäbi, ýurt koronawirus pandemiýasy bilen göreşe dowam edýär.

Ses berişlik saglyk resmileriniň arasynda aladalanmalary döretdi, sebäbi gündelik koronawirus anyklanýan adamlaryň sany 7 müňden aşdy.

Ses berişlik pandemiýa sebäpli ilkibaşdaky meýilleşdirilen seneden, 22-nji aprelden yza süýşürilmeli boldy.

Şu aýyň başynda Putin başga-da bir topar zat bilen bir hatarda özüne 2036-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmaga rugsat berjek konstitusion üýtgeşmeler boýunça ses berişligiň 1-nji iýulda geçiriljekdigini yglan etdi.

Kreml howpsuzlygy üpjün etmek üçin ähli çäreleriň görlendigini aýdyp, saýlawçylaryň arasynda wirusyň ýaýramak howpy baradaky aladalary ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG