Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymguly Pyragy we "çoh garaşylan eýýam"


Magtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky heýkeli. 2011-nji ýyl, 17-nji maý.
Magtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky heýkeli. 2011-nji ýyl, 17-nji maý.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Magtymguly Pyragy baradaky söhbete gönükdirilýär.

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär.

Ondan ozal her ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýa güni bilen bilelikde bellenilýän Magtymgulynyň şygryýet güni, 2017-nji ýylda Konstitusiýadan daşlaşdyrylyp, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde bellenip başlandy.

Soňky iki asyrdan gowrak wagt bäri türkmen halkynyň umumy hakydasyna, aňyna we ruhuna ornan, onuň türkmençe dünýägaraýşyny we türkmençe gözýetimini kemala getirmekde aýratyn missiýany ýerine ýetiren beýik akyldar, görnükli şahyr hem-de milli ylhamyň gözbaşy Magtymguly Pyragy agzybirligiň we jebisligiň şuglasy hökmünde türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy.

Ýöne baryp geçen asyrdan başlap, onuň işleriniň töweregindäki jedeller köpelmese azalmady. Kimler onuň käbir goşgularynyň ýoýulandygyny, täzeden ýazylandygyny, ýa-da onuň düýbünden ýazmadyk setirleriniň Pyraga dakylandygyny öňe sürdi. Magtymgulynyň ilkibaşdaky kanoniki portretiniň esasynda türkmen halkynyň hyýalynda janlanýan daş keşbi garaşsyzlyk ýyllarynda üýtgedildi – onuň meşhur portretdäki baş gaby çykaryldy, oňa derek Magtymgulynyň heýkellerine we suratlaryna selle oturdyldy. Onuň garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Konstitusiýa güni bilen bilelikde bellenilýän Şygryýet güni Konstitusiýadan daşlaşdyryldy. Hatda onuň türkmen kalbynyň töründe, türkmen paýtagtynda kök salyp, mesgen tutan meşhur heýkelini, şäheriň çetine göçürmek tagallalary edildi. Ýöne erkin pikirli ýazyjy şahyrlar ne onuň başyna oturdylan täze selläniň, ne-de onuň heýkeliniň şäheriň çetine çykarmaga synanyşyk edilmeginiň, ne-de onuň Şygryýet gününiň Konstitusiýadan daşlaşdyrylmagynyň beýik akyldaryň milletiň ýüreginde tutan mynasyp ornuna täsir edip bilmejekdigini aýdýarlar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Magtymguly Pyragy baradaky gyzykly söhbetdeşliklere gönükdirilýär. Gepleşigimize beýik akyldaryň erkin türkmen jemgyýetini bina etmekde bitiren işleri, galdyran yzlary barada gürrüň etmek üçin Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallyny çagyrdyk.

Magtymguly Pyragy we "çoh garaşylan eýýam"
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG