Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan harbylary maliýe edarasyna edilen hüjüme gaýtargy berip, dört söweşijini öldürdi


Maliýe biržasyna hüjüm edilen ýeri, Karaçi, 29-nji iýun, 2020
Maliýe biržasyna hüjüm edilen ýeri, Karaçi, 29-nji iýun, 2020

Pakistanyň söwda merkezi bolan günorta port şäheri Karaçide maliýe biržasyna edilen hüjümde dört söweşiji öldürildi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, 29-njy iýunda şäheriň maliýe merkezinde bolan bu hüjümde iki howpsuzlyk işgäri we bir polisiýa ofiseri hem wepat boldy.

Polisiýa ýaragly hüjümçileriň binanyň girelgesine hüjüm etmezden ozal, ulagyny binanyň üstüne sürüp, granat atandygyny aýtdy.

Ýaragly adamlar ýokary haýatly binanyň howlusyna girmegi başardylar, ýöne binanyň daşyny gaban ýörite güýçler hüjüme gaýtargy berdiler. Habar berlişine görä, howpsuzlyk güýçleri we söweşijiler 20 minut töweregi ok atyşdylar.

Wakanyň bolan ýerinde bir ofiseriň AP agentligine habar bermegine görä, ýaragly adamlaryň jesetlerinden azyk önümleri tapylypdyr, bu bolsa söweşijileriň uzak wagtlyk gabawa öňünden taýýarlanandygyny aňladýar.

Maliýe biržasynyň ähli işgärleriniň howpsuzdygy habar berildi. Bu hüjüme kimiň ýa-da haýsy guramanyň jogapkär bolup biljekdigi entek belli däl.

XS
SM
MD
LG