Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongressiň agzalary Orsýetiň 'Talybana' berendigi güman edilýän pullary barada maglumat talap edýärler


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Orsýetiň harby aňtaw gullugynyň Owganystandaky amerikan goşunlaryny öldürmek üçin "Talyban" bilen baglanyşykly söweşijilere köp mukdarda pul teklip edendigi baradaky habardan soň, Ak tamdan has köp maglumat talap edýärler.

Prezident Donald Tramp özüne hiç hili maglumat berilmeýändigini aýtdy, şol bir wagtda-da, puluň tölenendigi barada habar beren "New York Times" gazeti oňa mart aýynda habar ýetirilendigini belleýär.

Respublikan partiýasyndan wekil Liz Çeýni 28-nji iýunda eden çykyşynda, eger gazetiň berýän habary çyn bolsa, kanun çykaryjylaryň “kimiň we haçan bilendigi?" barada habarly bolmalydygyny aýtdy.

Ak Tam prezidentiň we wise-prezidentiň näme sebäpden habary agzamandygyny düşündirmeli diýip, Çeýni Twitterde ýazdy. Şeýle-de, ol ABŞ-nyň güýçlerini goramak üçin we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini jogapkärçilige çekmek üçin näme edilendigini bilmek isledi.

"New York Times" neşiri ABŞ-nyň anonim işgärlerine salgylanyp, 26-njy iýunda ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň işgärleriniň birnäçe aý ozal Orsýetiň harby aňtaw gullugynyň "Talyban" bilen baglanyşykly söweşijilere peşgeş berendigi barada netijä gelendigini habar berdi.

Gazet 28-nji iýunda goşmaça maglumat çap edip, ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň we Owganystandaky Ýörite operatiw güýçleriniň ýanwar aýynyň başynda Orsýetiň "Talybana" töleg etmek dildüwüşigi barada öz ýokary derejeli ýolbaşçylaryna duýduryş edendigini ýazdy.

XS
SM
MD
LG