Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň prezidentlik saýlawlaryndaky ilkinji netijelere görä, häkimiýet başyndaky Duda 45% ses gazandy


Polşanyň prezidenti we Dolandyryjy Kanun we Adalat (PiS) partiýasynyň kandidaty Andrzej Duda, Torun, 29-njy iýun, 2020.
Polşanyň prezidenti we Dolandyryjy Kanun we Adalat (PiS) partiýasynyň kandidaty Andrzej Duda, Torun, 29-njy iýun, 2020.

Polşanyň prezidenti Andrzej Duda 29-njy iýunda irden yglan edilen bölekleýin netijelere görä, Polşada geçirilýän prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda birinji orny eýeledi, ýöne ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan 50% derejesine ýetmedi.

Dolandyryjy Kanun we Adalat (PiS) partiýasy tarapyndan goldanýan Duda, saýlaw uçastoklarynyň umumy sanynyň 82% boýunça hasaplanan netijelere görä, 28-nji iýunda 45,7% ses alypdyr.

Saýlawlardan öň geçirilen pikir soralyşyklara görä, onuň birinji tapgyrda 41,8% ses almagyna garaşylýardy.

Saýlawlaryň ilkinji netijelerine görä, ikinji orunda 28,5% ses bilen Warşawanyň häkimi Rafal Trzaskowski barýar, pikir soralyşyklaryň netijelerinde ozalky onuň toplajak sesleriniň 30,4% boljagy çak edilipdi.

Saýlawlaryň bu netijeleriniň tassyklanan halatynda populist sagçy prezident bilen onuň liberal bäsdeşiniň arasyndaky göreş 12-nji iýulda dowam eder.

Dowam edýän koronawirus pandemiýasyna garamazdan, saýlawlara ilatyň gatnaşyk derejesi ýokary boldy. Ses berijileriň sanyna görä, saýlawlara olaryň 63% gatnaşypdyr.

XS
SM
MD
LG