Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan koronawirus petiklemelerini täzeden güýje girizmegi meýilleşdirýär


Gazagystanyň Almaty şäherinde bir dermanhananyň daş ýüzünde nobata garaşýan maskaly aýal.
Gazagystanyň Almaty şäherinde bir dermanhananyň daş ýüzünde nobata garaşýan maskaly aýal.

Ýokanja ýolugýanlaryň birden ýokarlanmagy bilen, gazak hökümeti koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin täzeden güýje giriziljek petiklenme çäreleriniň maksatnamasyny hödürledi.

Plana görä, bu Merkezi Aziýa ýurdunyň ikinji petiklenmesi 5-nji iýulda başlanar we 14 gün dowam eder diýip, prezident Kasym-Žomart Tokaýew 1-nji iýulda twit ýazdy.

Tokaýew saglyk ministri Alekseý Tsoýuň bir gün soň teklibiň detallaryny hödürlejekdigini ýazdy. Bu bildiriş Tsoýuň häkimiýetlere wirusyň öňüni almak üçin ýurt boýunça dört hepdelik petiklenmäni täzeden girizmegi maslahat bermeginden bir gün soň edildi.

Gazagystanda 16-njy martda girizilen adatdan daşary ýagdaý 11-nji maýda tamamlanyp, karantin çäklendirmeleri gowşadylandan soň, wirusyň ýaýramagy güýçlendi.

Bütindünýä Saglyk Guramasy Gazagystany koronawirusyň “çalt” ýaýraýan ýurdy hökmünde kesgitledi. Gazak häkimiýetleri 1-nji iýulda ýurt boýunça koronawirus näsaglarynyň 41,065 adama ýetendigini habar berdi, olardan 13,614 adam gutuldy, 188 adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG