Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan koronawirus çäklendirmelerini täzeden güýje girizýär


Almatynyň COVID-19 ykjam saglyk barlag bekedinde medisina işgäri bir aýaldan koronawirus analizi üçin suwuklyk alýar
Almatynyň COVID-19 ykjam saglyk barlag bekedinde medisina işgäri bir aýaldan koronawirus analizi üçin suwuklyk alýar

Gazagystanda häkimiýetler ýurtda koronawirus näsaglarynyň sany ýokarlanýan wagty täzeden bölekleýin petiklenme çärelerini güýje girizdi.

2-nji iýulda hökümet iki hepde dowam etjek çäklendirmeleriň 5-nji iýulda başlajakdygyny mälim etdi. Çäklendirmeler köpçülikleýin medeni-dynç alyş çärelerine, sport bäsleşiklerine, maşgala baýramçylyklarynyň, ýa-da ýas çäreleriniň köpçülikleýin bellenilmegine girizilen gadaganlygy öz içine alýar. Adamlaryň hereket çäklendirmeleri hem durmuşa geçiriler. Üçden köp adamyň açyk meýdanda ýygnanyşmagy gadaga ediler.

“Gadagan edilen işler gözellik salonlarynyň, dellekhanalaryň, türgenleşik zallarynyň, ýapyk binalardaky we açyk meýdandaky bazarlaryň, plýažlaryň, akwaparklaryň, ähli medeni desgalaryň, muzeýleriň, sergi zallarynyň, konferensiýalaryň, metjitleriň we kiliseleriň, mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, kinoteatrlaryň, çagalaryň tomusky dynç alyş lagerleriniň we ş.m-leriň işini öz içine alýar” diýip, hökümet beýanat berdi, hem-de döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň 80 göteriminiň uzak aralykdan işlejekdigini aýtdy.

Premýer-ministr Askar Mumin hökümetiň 2-nji iýulda geçiren mejlisinde iki hepdelik karantini, eger zerur bolsa, ýene 14 gün uzatmagyň mümkindigini aýtdy.

Gazagystanda mundan ozal 16-njy martda girizilen adatdan daşary ýagdaý 11-nji maýda tamamlanyp, karantin çäklendirmeleri gowşadylandan soň, wirusyň ýaýramagy güýçlendi.

Bütindünýä Saglyk Guramasy Gazagystany koronawirusyň “çalt” ýaýraýan ýurdy hökmünde kesgitledi.

XS
SM
MD
LG