Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda soňky bir gije-gündizde pnewmoniýadan 31 adam öldi


Batken. Gyrgyz hassahanasy

Gyrgyzystanda soňky bir günüň dowamynda 31 adam pnewmoniýadan, öýken keselinden öldi. Bu barada respublikan operatiw merkezinde habar berildi.

Mart aýyndan bäri öýken keselinden, şol bir wagtda COVID-19 boýunça geçiren synaglary negatiw netije görkezen adamlaryň 151 sanysy heläk boldy.

4-nji iýuldaky ýagdaýa görä, 2122 adam pnewmoniýadan, öýken keselinde bejergi alýar, 496 adamyň ýagdaýy agyr, 153 näsag reanimasiýada, aýratyn agyr hassalaryň bölüminde bejerilýär.

Bu döwürde jemi 3009 adam pnewmoniýa bilen keselledi, olaryň 736-sy keselden saplandy.

Hökümet COVID-19 we pnewmoniýa näsaglarynyň aýratyn ýazgylaryny ýöretmegi dowam etdirýär we hünärmenler pnewmoniýa näsaglarynyň ählisine koronawirus bilen bilelikde seredilmelidigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG