Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak-özbek serhedinde ýene-de ýüzlerçe migrant toplandy


Serhetde toplanan adamlar
Serhetde toplanan adamlar

Müňden gowrak adam, aglaba köplügi Özbegistandan we Täjigistandan bolan zähmet migrantlar ýene-de ýapylan gazak-özbek serhedinde saklandy. Adamlar Türküstan sebitiniň Saryagaş etrabynyň “Žibek žoly” barlag nokadynyň golaýynda ýerleşýän awtobus menzilinde toplandy.

Migrantlaryň käbiri Azattyk radiosynyň, Azatlygyň Gazak gullugynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolup, bir hepdeden gowrak wagt bäri awtobus duralgasynda bolandyklaryny aýtdy. “Gündiz yssy, gijelerine salkyn. Biz ýerde ýatmaga mejbur bolýarys, adam köp, ýer ýeterlik däl, iýmit üçin pulumyz ýok "diýip, zähmet migrantlary gürrüň berdiler.

Awtobus duralgasynda oturanlaryň köpüsi erkekler, olaryň arasynda ýaşlar we garrylar hem bar. Olar Gazagystanda tapan işlerinde işländiklerini, ýöne karantin sebäpli işsiz galandyklaryny we indi dogduk mekanlaryna dolanmaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar.

Ondan gowrak polisiýa işgäri tertibe gözegçilik edýär. Awtobus duralgasynyň bir gapdalynda birnäçe uly çadyr bar. Olarda Täjigistanyň raýatlary ýerleşdirilen.

Täjigistan ilçihanasynyň bu ýerdäki wekili emele gelen ýagdaý barada maglumat bermekden saklandy. Özbegistanyň ilçihanasynyň işgäri Bagtyor Kamalow raýatlaryň serhetde toplanmagynyň sebäbini ozal serhetden geçirilen we beýleki tarapdaky karantin zonasyna ýerleşdirilen adamlaryň heniz gözegçilik zonasyndan çykyp ýetişmeýändikleri bilen düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda “Žibek žoly” postunda Özbegistanyň bir ýarym müň töweregi raýaty serhetden geçmek üçin rugsada garaşýar.

Anonimlik şertinde gürleşen gazak serhetçisi bolsa habarça serhetden geçýänleriň sanyny Özbegistanyň kesgitleýändigini aýtdy.

“Biz günde 300, käte 500 adamy geçirýäris. Şu gün irden 300 töweregi adam geçdi” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG