Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Putini Konstitusiýa üýtgetmelerindäki 'üstünligi' bilen gutlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putin bilen. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putin bilen. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putini ýurduň konstitusiýasyna üýtgetme girizmek boýunça geçirilen sala salyşlykda gazanan üstünligi bilen gutlady.

“Ses bermegiň dowamynda Russiýanyň halky öz saýlap alan ýoluny kesgitledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin” diýip, türkmen prezidentiniň gutlagynda aýdylýar.

“Ses bermegiň netijeleri russiýalylaryň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Russiýanyň mundan beýläk-de ösmegine we onuň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýip, gutlagda bellenýär.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedowyň hatynda iki prezidentiň arasynda 29-njy iýunda bolan telefon söhbetdeşligi hem ýatlanyp, Berdimuhamedowyň Putine Konstitusiýa üýtgetme girizmekde üstünlik arzuw edendigi nygtalýar.

Orsýetde geçirilen Konstitusiýa üýtgetmeleri, beýleki zatlar arasynda, W.Putine ýene iki möhlet prezident bolmak mümkinçiligini döredýär we 4-nji iýuldan güýje girýär.

XS
SM
MD
LG