Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti zähmet rugsadyna çykdy


Turkmenistan. Turkmen president Gurbanguly Berdymukhamedov. Photo taken from state media.
Turkmenistan. Turkmen president Gurbanguly Berdymukhamedov. Photo taken from state media.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýuldan başlap zähmet rugsadyna çykdy. Bu barada 6-njy iýulda Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berdi.

Resmi habarda döwlet baştutanynyň anyk nirede dynç alýandygy aýdyňlaşdyrylmady, ýöne onuň zähmet rugsadyny ýurduň şypahana merkezleriniň birinde geçirýändigi aýdyldy.

“Ajaýyp ahalteke atlary bilen didarlaşmak we bedewde gezelenç etmek, welosipedli gezelençler, sport awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini dolandyrmak döwlet baştutanymyzyň zähmet rugsady döwründe we dynç alyş günleri wagtyny peýdaly hem-de baý many-mazmunly geçirmek üçin meşgullanýan ugurlarydyr” diýip, TDH-nyň habarynda bellenilýär.

3-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümine, şol sanda welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara nobatdaky zähmet rugsadynyň berilýändigini yglan etdi. Bu zähmet rugsady 7-nji iýuldan 6-njy awgust aralygynda dowam eder.

XS
SM
MD
LG