Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda sintetiki ýangyç zawodynyň ýüzden gowrak gurluşykçysyna COVID-19 ýokuşdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistanyň Kaşkadarýa sebitiniň Guzar etrabynda GTL sintetiki suwuk ýangyç zawodynyň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylaryň arasynda 127 koronawirus ýokuşmasy hasaba alyndy. Bu barada Özbegistanyň Saglyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Ýokanç kesel bilen kesellän işçileriň ählisi ozal wirus ýokuşan adamlar bilen aragatnaşykda bolandan soň karantin astynda ýerleşdirildi.

Häzirki wagtda zawodyň gurluşyk meýdançasynda wirus ýokuşmalarynyň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur çäreler görülýär.

Koronawirus pandemiýasy döwründe Özbegistanda zawodlaryň we iri kärhanalaryň işiniň togtadylmandygyny bellemek gerek.

Mundan ozal ýurtdaky zawodlaryň birnäçesiniň işgärleri “Ozodlyk” radiosyna karantin döwründe öýlerine gitmäge rugsat berilmeýändigini we gijelerine kärhanada galyp, işlemäge mejbur edilendigini habar berdiler.

Zawodyň işgärleri biziň žurnalistlerimize häkimiýetleriň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin raýatlardan sosial aralyk saklamagyny talap edýän wagtynda, ýüzlerçe adamyň her gün bir ýerde ýatyp-turmaga we iýip-içmäge mejbur bolýandygyny gürrüň berdiler.

XS
SM
MD
LG