Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seulyň häkimi we Koreýanyň prezidentligine mümkin bolan dalaşgär öli tapyldy


Şäher häkimi Pak Won Sun
Şäher häkimi Pak Won Sun

Şäher häkimi Pak Won Sun Seulda öli tapyldy: ol 2011-nji ýyldan bäri Koreýanyň paýtagtyny üýtgewsiz dolandyryjy boldy we 2022-nji ýyldaky saýlawlarda Koreýanyň prezidentligine dalaşgär bolar öýdülýärdi.

Polisiýa 64 ýaşyndaky syýasatçynyň öz janyna kast eden bolmagynyň mümkindigini aýtdy: onuň jesedi Pugak dagynyň parkynda tapyldy. Häkimiň telefony öçürilen eken.

Pak Won Suny gyzy öýden soňky gezek görüşýän ýaly hoşlaşyp, “dört-bäş sagat ozal gidendigini” habar bereninden soň gözläp başladylar. Ol işe gelmedi: şäher häkimligi dördünji gün häkimiň “saglyk ýagdaýy sebäpli” görünmändigini aýtdy. Syýasatçy soňky gezek köpçülige üçünji gün göründi: ol şonda daşky gurşaw taslamalary boýunça metbugat ýygnagyny geçirdi.

Häkimiň gyzy polisiýa ýüz tutandan soň, takmynan 700 polisiýa işgäri Seulyň köçelerini, seýilgählerini we beýleki ýerlerini birnäçe sagatlap gözden geçirdi, şol sanda häkimiň telefonynyň soňky ýerleşýän ýerini anyklady.

Pak Won Sun Koreýada dolandyryjy Demokratik partiýanyň agzasydy we ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlarda ýurduň prezidentligine dalaşgär boljaklaryň biri hasaplanýardy. Ol syýasata girmezden ozal adam hukuklary bilen meşgullanýan aklawçydy.

XS
SM
MD
LG