Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan, Ermenistan serhet söweşleri sebäpli bir-birini aýyplaýar


Ermenistanyň goranmak ministrliginiň metbugat wekili Şuşan Stepanian
Ermenistanyň goranmak ministrliginiň metbugat wekili Şuşan Stepanian

Azerbaýjan we Ermenistan serhet ýakasyndaky ýaraşyk şertnamasyny bozmakda biri-birini aýyplaýarlar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 12-nji iýulda ermeni güýçleriniň öz pozisiýalaryna hüjüm edip, iki esgerini öldürendigini aýtdy.

Ministrlik öz beýanynda Ermenistanyň demirgazygyndaky Tawuş sebitinden edilen "hüjüme" gaýtargy berendigini aýtdy. "Iki azerbaýjanly harby gullukçy öldürildi, ýene bäş adam ýaralandy" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Bu aralykda, Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Şuşan Stepanian Bakuwy "ermeni pozisiýalaryny ele geçirmäge gönükdirilen hüjümde" artilleriýa ulanmakda günäkärledi.

Stepanian Facebookdaky ýazgysynda "Olar yza çekildi, güýçlerini ýitirdi. Ermeni harby gullukçylarynyň arasynda ýitgi bolmady" diýdi.

Iki goňşy ýurduň arasynda Azerbaýjandan bölünip aýrylan Daglyk-Garabag regionynyň üstünde ençeme ýyl bäri gapma-garşylykda saklanýar.

Emma 12-nji iýulda bolan çaknyşyk Daglyk-Garabagdan uzakda boldy, beýle ýagdaý iki ýurduň arasynda seýrek ýüze çykýar.

12-nji iýuldaky çaknyşyk Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň Ermenistan bilen täze urşuň mümkinçiligini öňe sürüp, togtadylan parahatçylyk gepleşiklerini ýazgarmagyndan birnäçe gün soň boldy.

XS
SM
MD
LG