Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Siriýadaky rus-türk esgerleriniň toparyna hüjüm edildi


Siriýada M4 awtoulag ýolundaky rus harby ulagy.
Siriýada M4 awtoulag ýolundaky rus harby ulagy.

14-nji iýulda Russiýanyň Goranmak ministrligi söweşijiler tarapyndan ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partladylmagy netijesinde Siriýadaky rus-türk esgerleriniň toparyna hüjüm edilendigini we üç rus esgeriniň ýaralanandygyny aýtdy. Bu barada rus habar agentlikleri habar berýärler.

Habarda aýdylmagyna görä, partlamada türk esgerleriniň hem birnäçesi ýaralanypdyr.

Partlama Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Idlib sebitiniň günorta böleginde boldy. Wakanyň bolan wagty rus-türk esgerleri Aleppo bilen Latakiany birleşdirýän, Ortaýer deňziniň kenaryndaky strategiki taýdan ähmiýetli M4 awtoulag ýolunda bilelikdäki gözegçilik missiýasyny ýerine ýetirýärdiler.

"Partlama Russiýanyň harby polisiýasyna degişli adamlary daşaýan bir harby ulaga we türk harby ulagyna zeper ýetirdi. Üç rus harby gullukçysyna ownuk şikes ýetdi. Türk harby ulagynda hem ýaralananlar boldy. Ýaralanan harby gullukçylaryň ählisi sebitden dessine ewakuasiýa edildi" diýip, "Interfaks" neşiri Russiýanyň Siriýadaky garşydaş taraplary ýaraşdyrmak merkeziniň ýaýradan beýanatyna salgylanyp, 14-nji iýulda habar berdi.

Idlibde Russiýa tarapyndan goldanylýan Siriýa güýçleriniň bir aýlap dowam eden hüjümlerinden soň, mart aýynda Türkiýe we Russiýa ok atyşygy bes etmek barada ylalaşdylar. Şol hüjümler 1 milliona golaý adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna getirip, Türkiýä bosgunlaryň akymyny ibermek howpuny döretdi.

Ok atyşygy bes etmek baradaky şertnamanyň çäginde türk we rus goşunlary M4 awtoulag ýolunyň bir bölegine – gozgalaňçy söweşijiler bilen Siriýanyň hökümet güýçleriniň arasyndaky bufer zonasyna – bilelikde gözegçilik edýärler.

XS
SM
MD
LG