Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG-niň missiýasy Türkmenistanda pnewmoniýa bar diýse, türkmen resmileri ýok diýýär


Aşgabat, 15-nji iýul, 2020
Aşgabat, 15-nji iýul, 2020

BSG-niň COVID-19 boýunça missiýasy, ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdyp gelýän Türkmenistanyň bu keseliň ýurtda bardygy ýaly hereket etmelidigini aýtdy. BSG-niň Türkmenistana sapar edýän bilermenler toparynyň agzasy Katerine Smallwood bu barada 15-nji iýulda Aşgabatda geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

BSG-niň Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek we Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen işleşmek üçin baran bilermenler topary 6-njy iýuldan bäri ýurtda bolýarlar.

15-nji iýulda metbugat konferensiýasynyň dowamynda BSG-niň wekilleri we türkmen resmileri tarapyndan ýurtdaky keselçilige degişli ýagdaý barada käbir gapma-garşy maglumatlar öňe sürüldi. Hususan-da, BSG-niň missiýasynyň wekili Katerine Smallwood ýurtda gelip çykyşy näbelli pnewmoniýanyň bardygyny tassyklady. Emma türkmen resmisi ýurtda pnewmoniýa ýok diýip çykyş etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşinde geçirilen bu metbugat-konferensiýasynda Azatlyk Radiosynyň beren sowallarynyň diňe biri gysgaldylan görnüşde halkara bilermenlerine we türkmen resmilerine ýetirildi.

Şoňky günlerde Türkmenabadyň köpugurly saglyk merkezinde COVID-19, pnewmoniýa we bu keselleriň alamatlary bolan näsaglar üçin karantin bölümleri gaýtadan ýaýbaňlandyryldy. Tutuş ýurt boýunça bazarlar ýapylýar, ilatdan maska dakynmak talap edilýär.

Türkmenabadyň saglyk edaralaryndaky çeşmeleriň 15-nji iýulda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu hassahana toplumynyň dördünji bölegi karantin üçin aýrylypdyr. Çeşmeler bu ýerdäki hassalarda esasy diagnozyň kornawirus we pnewmoniýa bolandygyny öňe sürýärler. Azatlyk bu klinikanyň wekillerinden resmi taýdan maglumat alyp bilmedi.

Türkmenabadyň bu köpugurly merkezi, geçen hepde 7-nji iýuldan 9-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň gündogar welaýatyna baryp gaýdan BSG-niň COVID-19 boýunça wekilleriniň baryp gören saglyk edaralarynyň biridir.

Emma Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, koronawirusly näsaglar Bütindünýä saglyk guramasynyň wekillerine görkezilmändir. COVID-19 boýunça halkara bilermenlerine hassahanalarda taýýarlanan diňe käbir bölümler görkezilipdir, koronawirusly hassalar bu ýerden öňünden başga ýere göçürilipdir.

BSG-niň wekilleri Türkmenabadyň köpugurly keselhanasyna we ýokanç keseller hassahanasyna bardylar.

Şu günki gün Lebapda bazarlar we beýleki jemgyýetçilik ýerleri ýapylýar, köpçülik ýerlerinde we ulaglarda ilatda maska dakynmak talap edilýär.

"Farap etrabynda metjitler we bazarlar doly ýapyk. Maskasyz edaralara we banklara girmäge rugsat berilmeýär. Iýmit meselesi hasam erbetleşdi. Adamlar mümkin boldugyça ýag, tüwi, kartoşka, sogan we derman serişdelerini alyp goýmaga synanyşýarlar. Bu ýagdaýda häkimiýetleriň kömegi ýok. Köp adamlar wirusdan däl, eýsem açlykdan gorkýarlar" diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz aýtdy.

Bu aralykda häkimiýet wekilleri öýme-öý aýlanyp, ýaşaýjylary daşary çykmazlyga çagyrýalar.

Ýurduň beýleki ýerlerinde-de ilatyň öýde galyp, maska geýmegine gözegçilik güýçlendirilýär.

Aşgabatda uly dükanlar we bazarlar ýapylýar. 14-nji iýulda Magtymguly şaýolundaky uly dükan ýapyldy.

15 июля, 2020
15 июля, 2020

Maryda uly bazarlar ýapylýar, olaryň töweregindäki ýerler her gün dezinfeksiýa edilýär. Toý, ýas çäreleri ýatyrylýar. Çadyr we saçak, gap-çanaklary kärendesine berýän şirketlere bu işi etmek gadagan edildi. Ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde dezinfeksiýa edilýär. Pişikler we itler atylyp öldürilýär. Bu barada Azatlygyň ýerli habarçylary 15-nji iýulda habar berdiler.

15 июля, 2020
15 июля, 2020

Tutuş ýurtda maska geýmek talaby girizildi. Düzgüniň ýerine ýetirilişine kanun goraýjy edaralaryň işgärleri we harbylar tarapyndan gözegçilik edilýär.

Aşgabatdaky habarçylar maska dakynmak talabynyň günsaýyn güýçlendirilýändigini we indi düzgüni bozanlary anyklamak işine polisiýa akademiýasynyň kursantlarynyň çekilýändigini, olaryň şähere welosipedli aýlanýandygyny 15-nji iýulda habar berdiler.

Käbir ýerlerde jemgyýetçilik transportynyň ýolagçylary üçin maskalaryň özboluşly söwdasy hem ýola goýlupdyr.

"Aşgabat şäherine Gurbansoltan Eje köçesinden girilýän ýerde, Gurtly bilen Köşiniň çatrygynda jemgyýetçilik awtobuslary ýol polisiýasy saklaýar we maskasy bolmadyk ýolagçylary awtobusdan düşürýär, bu ýerde ýoluň gyrasynda maskalardan doly gutusy bilen agajyň aşagynda bir adam oturýar we ýolagçylara gezeginde maska satýar. Her adam başyna 5 sanyny berýär, hersi bir manatdan. Maskalar diňe nagt pula satylýar. Adamlar maska satyn alýança awtobus olara garaşmaýar, ýoluny dowam etdirýär. Ýolagçylar indiki awtobusa garaşmaga mejbur bolýarlar" dýip, Aşgabatdaky habarçymyz 15-nji iýulda gürrüň berdi.

Maryda ýol gözegçilik polisiýasy awtoulagyň içinde kimdir- biriniň maskasyz bolan halatynda sürüjilere jeza beriljegi barada duýduryş berýärler. Polisiýa işgärleriniň maglumatyna görä, 120 manat möçberinde jerime berler.

Häkimiýetleriň ilatdan maska geýmek baradaky talaby bilen birlikde, köp adamly ýerlerde köpçülikde maska ýok. 15-nji iýulda Azatlygyň habarçysy şäheriň bankomatlarynyň öňündäki ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: "Marydaky bankomatlaryň öňünde adamlar toparlanyşyp dur. Olar biri-birine gysylyp durýarlar, maska hiç kimde ýok. Adamlar pullaryny nädip nagtlaşdyrjagyny alada edýärler".

Azatlygyň habarçylary bankomatlaryň öňündäki nobatlarda duran adamlaryň arasyndaky esasy temanyň keseliň ýaýramagyna we ilatyň arasynda ölüm derejesiniň ýokarlanmagyna degişlidigini aýdýarlar.

"Adamlar her obada her gün birnäçe adamyň ölýändigini aýdýarlar. Köplenç keseliň sebäbi dem alyş problemalary we gyzgynyň ýokarlanmagy bilen bagly bolýar" diýip, habarçymyz belleýär.

Türkmenistanda öýken keseli bir aýa golaý dowam edýär. COVID-19 keseline we pnewmoniýa mahsus alamatly keseliň ýaýramagyna garamazdan, Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň bolup bilmegini henizem ykrar etmeýärler we pnewmoniýanyň ýaýramagyny hem agzamaýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, keselhanalarda dem alyş keseller we maska dakynmak barada resmi bildirişler peýda boldy. Bildirişlerde COVID-19 agzalmaýar.

14-nji iýulda şuňa meňzeş bildirişler Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde peýda boldy.

Häzirki wagtda sosial mediada türkmenistanlylaryň aktiwligi göze ilýär. IMO ulanyjylary resmi bildirişiň tekstini paýlaşýarlar we "Öýde gal!" diýen ýazgylary çap edýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG