Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlaryň öň ýany protestler dowam edýän wagty, Lukaşenka “rewolýusiýalaryň” Belarusa ýardam bermejekdigini aýdýar


Belarus prezidenti Alýaksandr Lukaşenka
Belarus prezidenti Alýaksandr Lukaşenka

Belarusda öňümizdäki aý geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda iki esasy dalaşgäriň saýlawlardan çetledilmeginiň yzýany polisiýa müňlerçe demonstrantçyny zorluk bilen dargadandan soň, prezident Alýaksandr Lukaşenka Günbatar tankydyny ret etdi.

“Biz hiç kimiň bize nädip ýaşamalydygyny aýtmagyny islemeýäris” diýip, Lukaşenka 15-nji iýulda gündogar Witsebsk şäherinde ýerli häkimiýetler bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

9-njy awgustda geçiriljek prezidentlik saýlawynda bu wezipä yzly-yzyna altynjy möhlete dalaş edýän 65 ýaşly lider “ýurdy ähli kanuny ýollar bilen goramagy” wada berdi.

“Bize nä Maýdan, ne-de rewolýusiýalar ýardam berer” diýip, Lukaşenka 2014-nj ýylda goňşy Ukrainada Russiýa tarapdar Wiktor Ýanukowiçi wezipeden agdaran hem-de Ýewromaýdan diýlip bilinýän hökümete garşy protestleri göz öňünde tutup aýtdy.

Ol çykyş edýän wagty Minskde azyndan iki müň adam Merkezi saýlaw komissiýasynyň öňünde onuň prezidentlik saýlawlarynda iki meşhur oppozisiýa dalaşgärini hasaba almazlyk kararyna arza-şikaýat bermek üçin bir kilometre çenli uzaýan hatar emele getirdi.

Lukaşenka bu sözleri saýlaw komissiýasynyň möhüm dalaşgärleri çetletmegine garşy geçirilen protestlerde polisiýanyň azyndan 301 adamy tussag etmeginden bir gün soň aýtdy.

XS
SM
MD
LG