Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada oppozisiýa prezident saýlawlarynyň netijelerini ýatyrmaga çalyşýar


 Saýlawçylaryň 51,21 göterimi häzirki prezidente, 47,79 göterimi Tşaskowskä ses berdi.
Saýlawçylaryň 51,21 göterimi häzirki prezidente, 47,79 göterimi Tşaskowskä ses berdi.

Polşadaky iň uly oppozisiýa partiýasy bolan “Raýat platformasy” ýurtda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijeleriniň ýatyrylmagyny talap edýär.

Oppozisiýa saýlawda ýeňiş gazanan häzirki döwlet baştutany Andrzej Dudanyň, “Kanun we Adalat” atly dolandyryjy konserwatiw partiýadan saýlawa gatnaşmak bilen, dolandyryş serişdelerini öz peýdasyna ulanandygyny öňe sürýär.

“Ses berişligiň özüniň gowy geçen bolmagy ähtimal. Ýöne kampaniýanyň atmosferasy, döwlet maliýe serişdeleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň herekete getirilmegi bilen, bäsleşiklerde deňligiň bozulmagyna alyp geldi” diýip, Boris Budko aýtdy.

DPA habar gullugynyň maglumatyna görä, oppozisiýa dördünji gün Ýokary suda şikaýat etmegi planlaşdyrýar. "Eger-de biz häzirki pursatda düzgün bozmalar barada berk durup aýtmasak, indiki saýlawlarymyzdaky adalatsyzlyklar has-da uly bolar" diýip, oppozisýa aýtdy.

12-nji iýulda, bazar güni geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda, raýat platformasyndan dalaşgär, Warşawanyň häkimi Rafal Tşaskowskiý Andrzej Dudadan ýeňildi. Saýlawçylaryň 51,21 göterimi häzirki prezidente, 47,79 göterimi Tşaskowskä ses berdi.

Geçen saýlawlara gatnaşygyň derejesi 69 göterim bolup, 1989-njy ýylda kommunistik dolandyryş gutaraly bäri Polşadaky ähli ses berişlikler bilen deňeşdirilende iň ýokary boldy.

XS
SM
MD
LG