Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da “Türkmenistanyň diktatory – SOS” diýen ýazgyly plakat asmana galdyryldy


ABŞ-da “Türkmenistanyň diktatory – SOS” diýen ýazgyly plakaty şäher asmanynda gezdiren uçar uçuryldy.
ABŞ-da “Türkmenistanyň diktatory – SOS” diýen ýazgyly plakaty şäher asmanynda gezdiren uçar uçuryldy.

ABŞ-da “Türkmenistanyň diktatory – SOS” diýen ýazgyly plakaty şäher asmanynda gezdiren uçar uçuryldy diýip, "Turkmen.news" neşiri habar berýär.

16-njy iýulda guralan protest çäresi Nýu-Ýorkda ýaşaýan aktiwistler, Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan gurnaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň baýdagynyň ýüzünde ýerleşdirilen ägirt uly suratyny we “Türkmenistanyň diktatory – SOS” diýen ýazgyly plakaty asmanda gezdirýän uçary görkezýän wideo sosial ulgamlarda hem peýda boldy.

Guramaçylaryň biri Zara Haýydyň “Turkmen.news” neşirine aýtmagyna görä, bu türkmen raýatlarynyň prezidentiň we onuň syýasatynyň garşysyna gurnaýan köp sanly aksiýalarynyň biri bolup durýar.

Şeýle-de ol indiki protest çäresiniň 29-njy iýulda, Waşingtonda, ABŞ Kongresiniň we Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde geçirilmekçidigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidentine garşy guralýan köpçülik hereketleri Lebap we Mary welaýatlarynda gopan harasatdan soň başlandy. Syzyp çykan maglumatlarda ilatyň çeken zyýany, adam ýitgileri barada habar berilse-de, türkmen hökümeti we mediasy bu habarlara hiç bir düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG