Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Azerbaýjany täze hüjümlerde aýyplady, Baku ret edýär


Tawuş sebitindäki ermeni esgerleri. 14-nji iýul, 2020 ý.

Ermenistanyň harbylary Azerbaýjany, mundan bir hepde ozal adam pidalaryna getiren çaknyşyklaryň dörän, serhetýakadaky ermeni pozisiýalaryna garşy täzeden hüjüm etmekde aýyplady.

Goranmak ministrliginiň 21-nji iýulda giçlik beren maglumatyna görä, Tawuş welaýatynda ýerleşdirilen ermeni esgerleri azeri kommando güýçlerini yza tesdirmegi başarypdyr. Ministrlik ermeni esgerleriniň arasyndan ýitgileriň ýokdugyny aýtdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi täze hüjümiň bolmandygyny aýdyp, ermeni tarapynyň aýdanlaryny ret etdi.

12-nji iýulda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dörän we ençeme günläp dowam eden söweş hereketleri soňky günler gowşady.

Çaknyşyklarda azyndan 12 azeri esgeri we dört ermeni harby gullukçysy heläk boldy.

Ilatynyň aglabasy ermenilerden ybarat Daglyk-Garabag sebiti 1988-94-nji ýyllar aralygyndaky söweş döwründe Azerbaýjandan garaşsyzlygyny yglan etdi. Şol uruş 30 müň çemesi adamyň heläk bolmagyna we başga-da ýüz müňlerçe adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG