Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasynyň synçy derejesini aldy


Bütindünýä söwda guramasynyň Ženewadaky baş binasy
Bütindünýä söwda guramasynyň Ženewadaky baş binasy

Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş geňeşi 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Ženewada geçiren nobatdaky ýygnagynda Türkmenistana Guramanyň synçy derejesini bermek barada çözgüt kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

Baş geňeş bu çözgüdi Türkmenistanyň Gurama goşulmak hakynda beren ýüzlenmesine seredenden soň, kabul etdi.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşan türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak işiniň başlangyçlary barada çykyş edipdir.

Türkmenistanyň synçy derejesine eýe bolmagy onuň “daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmegine we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmegine ýardam berer” diýip, resmi habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda 164 döwlet BSG-niň agzasy bolup durýar. 24 ýurtda bu Guramanyň synçy derejesi bar. Türkmenistan synçy derejesindäki 25-nji döwlet boldy.

XS
SM
MD
LG