Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky hristian ybadathanasynda, 86 ýyl muzeý bolan Hagia Sofiýada namaz okalýar


Hagia Sofiýa
Hagia Sofiýa

24-nji iýulda Stambulyň taryhy Hagia Sofiýa binasynda - öňki prawoslaw hristian ybadathanasynda we muzeýinde 86 ýyldan soňra ilkinji gezek juma namazy okaldy.

Bu bina Türkiýäniň prezidentiniň halkara derejesinde ýazgarylan karary esasynda, ýakynda muzeýden metjide öwrüldi.

Müňlerçe adam, şol sanda prezident Rejep Taýyp Erdogan we onuň yslam-konserwatiw ýaranlary 6-njy asyrda Wizantiýa imperatory Justinian I tarapyndan hristian dünýäsiniň iň uly ybadathanasy hökmünde gurlan binada okalan namaza gatnaşdy.

Binanyň Wizantiýa hristian mozaikalary namaz wagtynda perdeler bilen örtülmeli edildi. Hagia Sofiýa 1453-nji ýylda Osmanlylar Konstantinopoly, häzirki Stambuly basyp alandan soň metjide öwrüldi.

Häzirki türk respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Ataturküň 1934-nji ýyldaky karary esasynda ol metjit durumy üýtgedilip, taryhy muzeýe öwrüldi.

UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren bina hristianlar we musulmanlar üçin deň derejede medeni ýadygärlik bolup durýar. Bu ýer Türkiýäniň iň meşhur syýahatçylyk ýerlerinden biri bolup, 2019-njy ýylda oňa 3,7 million syýahatçy geldi. Erdogan onuň syýahatçylar we dürli dine uýýanlar üçin açyk boljagyny wada berdi.

Habarçylar köp adamly ybadathananyň içinde koronawirus sosial aralyk çäreleriniň saklanmandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG