Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň oppozisiýa wekili hökümeti agdarmak synanyşygynda aýyplanýar


Fuad Gahramanly
Fuad Gahramanly

Azerbaýjanyň ýokary derejeli oppozisiýa wekili tussag edildi, ol hökümeti agdarmaga çalyşmakda aýyplanýar, oppozisioneriň partiýasy bu aýyplamanyň syýasy sebäplidigini aýdýar.

Azerbaýjanyň Halk fronty partiýasynyň (AHFP ýerine ýetiriji agzasy Fuad Gahramanly 14-nji iýulda Bakuwda geçirilen ýöriş bilen baglylykda derňelýär. Bu protest çäresi goňşy Ermenistan bilen harby dartgynlylygyň güýçlenýän wagtynda, ýurduň ýaragly güýçlerini goldamak üçin gurnaldy.

Protestiň ahyrynda bir topar adam polisiýa güýçleri tarapyndan gyrakladylmazdan ozal Bakuwdaky mejlis binasyna gysga wagtda hüjüm etdi.

Prokurorlar bu waka bilen baglylykda, proteste gatnaşyjylaryň käbirine garşy töwerekleýin jenaýat derňewini açdylar.

Hökümet tankytçylary bu jenaýat işini häkimiýetleriň Azerbaýjanda syýasy nägileligi ýok etmek üçin edýän tagallalarynyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirýär.

Umuman alanyňda, Gahramanlynyň Halk fronty partiýasyndan 30 töweregi aktiwist administratiw ýa-da jenaýat aýyplamalary esasynda tussag edildi.

Oňa emläge zeper ýetirmek, jemgyýetçilik tertibini bozmak, döwlet işgärine garşy güýç ulanmak we hökümeti zor bilen ele geçirmek we agdarylyşyk synanyşy aýyplamalary bildirilýär.

Azerbaýjanyň Halk fronty partiýasynyň lideri Ali Karimli Azatlyk radiosyna Gahramanlynyň 14-nji iýuldaky ýörişe gatnaşmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG