Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habarowskä şäheriň taryhynda iň uly protestçi mähelle ýygnandy


Habarowsk ýörişi
Habarowsk ýörişi

Habarowskde Habarowsk sebitiniň öňki häkimi Sergeý Furgaly goramak üçin täze birugsat protest ýörişi geçirildi.

Ýörişe on müňlerçe adam gatnaşdy. Synçylaryň pikiriçe, bu protest çäresi ýene şäheriň taryhynda iň köp adamly nägilelik ýygnanyşygy bolup biler.

Şäher ýaşaýjylary merkezi köçelerden ýöräp, merkezi Lenin meýdanyna baryp, ýygnak geçirdiler. Bu çäre häkimiýetler bilen ylalaşylmansoň, demonstrantlar "kepderileri iýmitlendirmek" üçin şäheriň esasy meýdançasyna gitdiler. Polisiýa bolup geçýän wakalara syn etdi, ýöne goşulmady.

Radionyň habarçysynyň maglumatyna görä, demonstrantlar öňkülerinden kän bolup, federal häkimiýetlere has köpçülik bolup ýüz tutýarlar.

Şygarlaryň arasynda "Putin işinden çekilmeli", "20 ýyl ynam ýok", "Russiýa, oýan", "Bu ýerde biz häkimiýet" diýýän ýazgylar ýokaryk galdyryldy.

XS
SM
MD
LG