Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ministrler çalşylsa-da, Bolgariýadaky protestler dowam edýär


Bolgar protestçileri. Arhiw suraty
Bolgar protestçileri. Arhiw suraty

Bolgar paýtagtynda 25-nji iýulda hem birnäçe ýüz adam hökümete garşy proteste çykdy. Proteste çykanlaryň käbiri "Işden çekil!" diýip gygyrsa, ýene bir topary Ministrler Geňeşiniň Sofiýanyň merkezindäki binasyna pomidor we hajathana kagyzlaryny zyňyp, "mafiýa" diýip gygyrdy.

Hökümete garşy protestler indi tapgyr 17 gün bäri, premýer-ministr Boýko Borisowyň şu hepde dört ministri täzelemegine garamazdan dowam edýär. Ýogsa bu çäreler onuň işden çekilmegi baradaky çagyryşlaryň bes edilmegine gönükdirilipdi.

Protestçiler diňe tutuş hökümet işden çekilen ýagdaýynda kanagatlanjakdyklaryny aýdýarlar.

Borisow oppozisiýaky Hukuklar we Erkinlik Hereketi (DPS) bilen baglanyşykly güýçli telekeçi we metbugat tüçjary Delyan Peewskiniň bähbidine gulluk edýändigi aýdylýan üç resmini, maliýe, ykdysadyýet we içeri işler ministrlerini işden aýyrdy.

Syýahatçylyk ministri hem çalşyldy. Dört ministriň çalşylýandygy Borisowyň merkez sagçy koalisiýa hökümeti 21-nji iýulda ynam bildirmezlik baradaky ses berişlikde aman galandan soň mälim boldy.

Oppozisiýadaky sosialistler hökümeti giň ýaýran korrupsiýa garşy çäresizlikde aýyplaýarlar.

Sofiýada we beýleki şäherlerde ýörişe çykan müňlerçe adan, hususan-da ýaşlar hökümetiň perdäniň aňyrsynda gizlenýän güýçli oligarhlara gol ýapýandygy barada aýdylýanlara garşy çykyş etdiler.

XS
SM
MD
LG