Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow arap liderlerini Gurbanlyk bilen gutlady, COVID-19 barada pikir alyşdy


Türkmen prezidenti ýeke özi balyk tutýan wagtynda hem maska geýýär.
Türkmen prezidenti ýeke özi balyk tutýan wagtynda hem maska geýýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji iýulda BAE-niň wise-prezidenti, premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed Bin Raşid Al Maktum, Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Ýaragly güýçleriniň ýokary serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýan, Bahreýniň patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa dagy bilen telefonda gürleşdi.

TDH aýry-aýrylykda geçirilen telefon söhbetdeşliklerinde liderleriň bir-birini we öz halklaryny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy bilen gutlandyklaryny habar berýär.

Telefon söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara söwda ulgamynda, önümçilik işinde we daşary ykdysady gatnaşyklarda çökgünligiň emele gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi diýip, habarda bellenýär.

Döwlet eýeçiligindäki neşir döwlet baştutanyna salgylanyp, Türkmenistanyň “COVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini, ...howply wehime garşy üstünlikli göreşmek üçin ylalaşykly wezipeleriň taýýarlanmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirmeginiň tarapdary bolup durýandygyny” hem nygtaýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji iýulda özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen hem telefonda gürleşip, “howply keseliň ýaýramagyna garşy göreşde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak” barada pikir alyşdy.

“Aral bilen baglanyşykly umumy meselelere aýratyn üns berildi, bu deňziň guramagy howa, ekologiýa ýagdaýyna, Aralýaka sebitde hem-de onuň çäklerinden alyslarda ýaşaýan ilatyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirdi” diýip, TDH onuň koronawirus pandemiýasyny howada tozanyň möçberiniň artmagy bilen baglanyşdyrmak boýunça edýän synanyşygyny ýene bir gezek gaýtalandygyny habar berdi.

Onuň “tebigy ýagdaýlaryň dürli ýokanç keselleriň Aral zolagynda emele gelýän tozanly howa akymlary arkaly uzak aralyklara ýaýramagyna täsir edip biljekdigi” baradaky pikirini özbek lideri hem goldady we Aral deňziniň guran ýerlerinde sazak ekilýändigini gürrüň berdi.

Berdimuhamedow biraz öň Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi doglan güni bilen gutlanda hem keselçilik ýagdaýlaryny “howanyň hapalanmagy” bilen baglanyşdyrmaga çalşypdy.

Ýöne bu synanyşyk arap liderleri bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde gaýtalanmady.

Türkmenistan sebitde hiç bir koronawirus hadysasyny resmi taýdan tassyklamadyk ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar we Saglyk ministrligi häkimiýetleriň ýüz maskalaryny geýmek baradaky görkezmesini howadaky tozanyň artmagy bilen düşündirdi.

XS
SM
MD
LG