Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Russiýa ýadro ýaraglaryna gözegçilik etmek baradaky gepleşiklere Wenada başlaýar


Prezident Wladimir Putiniň aýtmagyna görä, Russiýanyň ýadro energiýasy bilen işleýän kontinentara ganatly raketasy. 1-nji mart, 2018 ý.
Prezident Wladimir Putiniň aýtmagyna görä, Russiýanyň ýadro energiýasy bilen işleýän kontinentara ganatly raketasy. 1-nji mart, 2018 ý.

ABŞ bilen Russiýanyň resmileriniň arasynda ýadro ýaraglaryna gözegçilik etmek barada üç gün dowam etjek gepleşikler 28-nji iýulda Wenada başlaýar.

Geçen aý geçirilen gepleşikleriň birinji tapgyrynda ABŞ we Russiýa taraplaryň soňky esasy ýadro şertnamasy bolan 2010-njy ýyldaky Täze strategiki ýaraglar şertnamasyny – “Täze START” – ara alyp maslahatlaşdylar. Bu şertnama taraplaryň uzak aralyga niýetlenen ýadro ýaraglarynyň sanyny kesgitleýär.

22-23-nji iýunda Wenada geçirilen şol gepleşiklerden soň, Birleşen Ştatlaryň ýarag gözegçiligi boýunça ýokary derejeli gepleşikçisi Marşal Billingsli metbugat konferensiýasyny geçirip, özüniň we Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkowyň ýeterlik derejede öňe gidişlik gazanandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol taraplaryň fewral aýynda “Täze START” şertnamasynyň möhleti tamamlanmazdan öň, ony çalyşmagy umyt edýändigini belläp, öňe gidişlige baglylykda ikinji ýygnakda "köp" tehniki iş toparyny döretmek barada ylalaşandyklaryny hem aýtdy.

Bu gepleşikler kosmos howpsuzlygy boýunça 27-nji iýulda geçirilen bir günlük dialogyň yzýany geçirilýär. Iki ýurduň arasynda kosmos howpsuzlygy boýunça dialog 2013-nji ýyldan bäri ilkinji gezek geçirildi.

XS
SM
MD
LG