Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat: ABŞ-nyň resmileri Russiýa tarapyndan goldanylýan websaytlaryň koronawirus barada nädogry maglumatlary ýaýradýandygyny aýdýarlar


Koronawirusyň mikroskop arkaly düşürilen suraty.
Koronawirusyň mikroskop arkaly düşürilen suraty.

Birleşen Ştatlaryň resmileri iňlis dilindäki üç websaýty kesgitläp, Russiýanyň bu websaýtlar arkaly koronawirus pandemiýasy barada dezinformasiýa, ýagny nädogry maglumatlary ýaýratmak üçin ABŞ-nyň bu wirusyň öňüni almak ugrundaky göreşinden peýdalanýandygyny aýdýarlar.

"Associated Press" habar agentliginiň ABŞ-nyň resmilerine salgylanyp, 28-nji iýulda çap eden maglumatynda bu işiň rus aňtaw gullugy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Şeýle-de, habarda ABŞ resmileri Russiýanyň GRU harby aňtaw bölüminde ýokary wezipeleri eýelän we ABŞ hem-de Günbatar tomaşaçylara gönükdirilen dezinformasiýa tagallalaryna jogapkär iki orsýetliniň ady mälim edildi.

AP habar gullugy ABŞ resmileriniň bu barada köpçülikde aç-açan çykyş etmäge hukugynyň ýokdugy sebäpli olaryň adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşendigini hem belledi.

Birleşen Ştatlaryň resmileri pandemiýa bilen baglanyşykly dezinformasiýanyň ýaýradylmagy barada öň hem duýduryş beripdiler. Ýöne AP-niň salgylanýan amerikan resmileri Russiýada hasaba alnan we InfoRos.ru, Infobrics.org hem-de OneWorld.press websaýtlaryny dolandyrýan InfoRos maglumat agentligini saýlamak bilen has öňe gitdiler.

Maý aýynyň ahyryndan iýul aýynyň başyna çenli websaýtlar pandemiýa gaýtawul berilşi barada 150 töweregi makala, şol sanda Russiýany oňyn ýagdaýa salýan ýa-da ABŞ-ny abraýdan düşürýän habar çap etdi diýip, resmileriň biri aýtdy.

Bu makalalar Russiýanyň pandemiýa garşy göreşmek üçin ABŞ-a ep-esli kömek berendigini öňe sürýän we ABŞ-nyň köp şäherinde jyns taýdan adalatsyzlyk sebäpli dörän tolgunyşyklar baradaky maglumatlary hem öz içine alýar.

Bu maglumatlar, ABŞ-nyň noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňýanynda dezinformasiýanyň, ýagny nädogry maglumatlaryň ýaýradylmagynyň derwaýys mesele bolup durýandygy bilen baglanyşykly.

ABŞ-nyň syýasatçylary ruslaryň gaýtadan goşulyşmagy barada yzygiderli duýduryş berdiler. ABŞ-nyň aňtaw gullugy we kongres komitetleri şeýle goşulyşmanyň Donald Trampyň kandidaturasyny ýokarlandyrmak üçin 2016-njy ýylda sosial mediada geçirilen gizlin kampaniýa arkaly giňden amal edilendigi barada netije çykarypdylar.

Resmiler duýduryş bermek we, olaryň sözüne görä, rus aňtaw gullugy bilen websaýtlaryň arasyndaky anyk ilteşigi äşgär etmek üçin websaýtlar barada gürrüň gozgaýandyklaryny aýtdylar.

"InfoRos" maglumat agentliginde ýolbaşçy wezipelerini ýerine ýetiren we öň GRU harby aňtaw bölüminde işlän iki adamyň Denis Waleriýewiç Týurin we Aleksandr Gennadýewiç Starunskiýdigi mälim edildi.

Olaryň gulluk eden GRU bölümi harby psihologiki razwedka boýunça ýöriteleşen bolup, olar bu ýer bilen çuňňur aragatnaşyk saklaýar diýip, AP resmilere salgylanyp aýdýar.

AP kommentariý almak üçin InfoRos bilen habarlaşmaga synanyşandygyny, ýöne ozleriniň emaillerine dessine jogap berilmändigini aýtdy.

“InfoRos” özüniň “Facebook” sahypasynda özüni “Maglumat agentligi: Russiýanyň gözi bilen dünýä” diýip häsiýetlendirýär.

Mundan öň “InfoRos” we “One World” Ýewropada ünsi özüne çekdi. Düýbi Brýusselde ýerleşýän ÝB DisinfoLab tarapyndan geçen aý ýaýradylan hasabatda “InfoRos” we “One World” websaýtlary bilen rus harby aňtaw gullugynyň arasyndaky ilteşik gözden geçirildi.

"InfoRos kölegeli çal zonada ýaýbaňlaýar, bu zonada kadaly maglumat işleri Russiýa döwletiniň maglumat amallary bilen ilteşikli bolup biläýjek has jedelli hereketler bilen garylýar" diýlip, hasabatda aýdylýar.

Mundan ozal “Waşington Post” neşiri hem “InfoRos” maglumat agentliginiň GRU harby aňtaw bölümi bilen ilteşiklidigi barada habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG