Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Canalys: Huawei Samsungy ozup, dünýäde iň köp smartfon satan firma boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hytaýyň ägirt uly telekommunikasiýa kompaniýasy Huawei Samsungy ilkinji gezek ozup geçip, güýçli içerki islegiň fonunda ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde iň köp smartfon satan firma boldy diýip, "Canalys" barlag firmasy 30-njy iýulda mälim etdi.

“Canalys” firmasynyň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň sanksiýalary we daşary ýurtlardaky söwdasynyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýan firma 55,8 million we Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy 53,7 million enjam iberdi.

Bu soňky dokuz ýylyň dowamynda bazarda Samsung ýa-da Apple kompaniýalaryndan başga bir firmanyň liderlik edýändigini görkezýän ilkinji çärýekdir diýip, “Canalys” belledi.

Barlag toparynyň maglumatyna görä, Huawei Pekin bilen Waşingtonyň arasyndaky geosyýasy gapma-garşylygyň möhüm meselesine öwrüldi we ABŞ-nyň sanksiýalary Huawei kompaniýasynyň Hytaýdan daşardaky işini "bogupdy". Ýöne topar kompaniýanyň esasy içerki bazarda agdyklyk etmek üçin ösüş gazanandygyny belledi.

Waşington firmanyň kiberhowpsuzlyga uly howp salýandygyny öňe sürýär we Huawei-i global derejede izolirlemek kampaniýasyna ýolbaşçylyk edip, ony ABŞ bazarynda gadagan etdi. Bu firma aragatnaşyk ulgam enjamlaryny öndürmek boýunça-da dünýäde iň ýokary orunda durýar.

XS
SM
MD
LG