Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Orsýetiň ABŞ harbylaryny öldürtmek üçin "Talybana" töleg edendigi barada aýdylýany Putin bilen maslahatlaşmady


Owganystandaky ABŞ esgerleri
Owganystandaky ABŞ esgerleri

Tramp özüniň ABŞ esgerlerini öldürtmek üçin töleg tölenendigi barada aýdylýanlara ynanmaýandygyny, ýöne bu hakykat bolsa, onda Orsýete gaýtawul berjekdigini aýtdy.

Prezident Donald Tramp Owganystandaky ABŞ goşunlaryny öldürtmek üçin Moskwanyň "Talybana" töleg töländigi baradaky habarlar boýunça rus lideri Wladimir Putin bilen hiç gürrüň etmändigini aýdýar.

Trump"Axios" habarlar web sahypasyna beren interwýusynda "Men onuň bilen bu barada hiç maslahat etmedim" diýdi. Bu söhbetdeşlik 28-nji iýulda çap edildi.

Tramp iýun aýynda metbugatda habar berilmezden öň, aňtaw gurluşlarynyň rus tölegleri diýilýänler barada özüne hiç bir maglumat bermändigini, sebäbi olaryň ynandyryjy bolmandygyny birnäçe gezek gaýtalady we ol habarlary "galp maglumat" hökmünde häsiýetlendirdi.

Orsýet bu habarlary ret etdi.

Tramp Putin bilen telefonda 23-nji iýulda gürleşdi, bu iki lideriň, aýdylmagyna görä, aňtaw gullugy fewralyň aýagynda prezidentiň gündelik ýazmaça aňtaw brifingine goşulaly bäri geçiren sekizinji söhbetdeşligidir.

23-nji iýulda geçirilen telefon söhbetdeşligi wagtynda näme üçin bu meseläni gozgamadyňyz diýip soralanda, Tramp Axiosa: "Bu beýleki meseleleri maslahatlaşmak üçin edilen telefon boldy, şeýle-de açyk aýtsak, bu köp adamyň aýtmagyna görä galp habar bolup durýar" diýdi.

Geçen hepde geçirilen söhbetdeşlikde iki lideriň möhleti gutarýan Täze START ýadro şertnamasyny we koronawirus pandemiýasyna garşy göreşi ara alnyp maslahatlaşandygy aýdylýar.

Tramp özüniň ABŞ esgerlerini öldürtmek üçin töleg tölenendigi barada aýdylýanlara ynanmaýandygyny, ýöne bu hakykat bolsa, onda Orsýete gaýtawul berjekdigini aýtdy.

"Bu maglumat hiç haçan meniň stoluma ýetmedi. Sebäbini bilýärsiňizmi? Sebäbi olar, aňtaw gullugyndakylar ony hakyky diýip pikir etmediler" diýip, Tramp "Axiosa" aýtdy. "Garşylygym ýok, eger-de ol stoluma gelen bolsa, men bu barada bir zat ederdim" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol gündelik aňtaw maglumatlaryny okamaýandygy barada çykan metbugat habarlaryny ret etdi.

"Men olary köp okadym, özüňiz bilýärsiňiz, men köp okaýaryn. Olar okamaýar diýmegi gowy görýärler. Men köp okaýaryn" diýip, ol aýtdy.

ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynda Orsýetiň "Talybana" köp mukdarda pul töländigi barada aýdylanlar babatynda açyk-aýdyň gelnen netije ýok.

"Nýu-Ýork Taýms" iýun aýynyň ahyrynda ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň işgärleriniň birnäçe aý ozal rus harby aňtaw gullugynyň Amerikan esgerlerini öldürtmek üçin "Talyban" bilen baglanyşykly söweşijilere köp mukdarda pul teklip edýändigi barada netijä gelendigini habar berdi. Gazet Trampa bu meselede gysgaça maglumat berlendigini hem öňe sürdi, ýöne onuň jogap çäresini görmändigini belledi.

Ak tam Trampa-da, wise-prezident Maýk Pense hem bu diýilýän maglumatyň berilmändigini aýtdy. Wekiller öýi bolsa, bu aýyplamalar esaslandyrylan halatynda, ABŞ-nyň nähili jogap bermelidigi barada birnäçe diňlenişik geçirdi.

Bu noýabr aýynda, Trampyň Demokratik partiýayň dalaşgäri, öňki wise-prezident Jo Baýden bilen ýüzbe-ýüz boljak prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda bir toparlanyşyk, partiýa meselesine öwrüldi.

Demokratlar bu aýdylýanlary näme üçin Trampa habar berilmedi, eger-de habar berlen bolsa, Orsýete näme üçin jogap berilmedi diýen soraglary bermek üçin peýdalandy.

Baýdeniň kampaniýasy Trampyň aýdanlaryna reaksiýa bildirip, prezidentiň Putine amerikan esgerlerini öldürtmek üçin pul hödürlendi diýilýäne aňtaw maglumatlary esasynda gaýtawul bermezligini "düýpden ýigrenji" diýip häsiýetlendirdi.

"Baş serkerdäniň iň möhüm we mukaddes borjy biziň halkymyza zyýan ýetmezligi üçin gulluk edýänleri goramakdan ybaratdyr" diýip, Baýden kampaniýasynyň gyssagly çäreler boýunça direktory Endrýu Beýts aýtdy.

"Ýöne ABŞ-nyň aňtaw gullugy Donald Trampa we ýaranlarymyza Orsýetiň söweş meýdanyndaky amerikan harby gullukçylarynyň we aýal-gyzlarynyň kellesine köp mukdarda pul goýberýändigini birnäçe aý ozal duýduranam bolsa, biziň prezidentimiz bu adamlardan, öz ömürlerini ýurt goragy we onuň öz borjuny ýerine ýetirmegi üçin goýanlardan ýüz öwürmegini dowam etdirýär" diýip, Beýts sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG