Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Habarowsk şäherindäki protestler dowam etdýär


Rus protestçileri
Rus protestçileri

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde 1-nji awgustda, ýagyşly howada hem birneçe müň adam protest ýörişine çykdy, olar özleriniň tussag edilen liderlerine, ozalky gubernator Sergeý Furgala goldaw bildirýärler.

Furgal 9-njy iýulda tussag edildi, ol 2000-nji ýyllaryň ortalarynda birnäçe adamy öldürmek gümany astynda derňelýär we bu ýagdaý indi tapgyr dördünji hepde ahyrynda geçirilýän uly demonstrasiýa sebäp boldy.

Polisiýa ýörişe çykan mähelläni 3500 töweregi adam diýip çaklady. Protestçiler sebit häkimliginiň edaralaryna tarap ýöriş edip, sebit baýdaklaryny göterip, "Erkinlik" diýip gygyrdylar. Polisiýa ara goşulmady.

Amur boýundaky Komsomolsk, Wladiwostok we Ýužno-Sahalinsk ýaly, Uzak Gündogaryň beýleki şäherlerinde hem kiçiräk raýdaşlyk ýörişleri boldy.

2018-nji ýylda dolandyryjy Birleşen Orsýet partiýasynyň iş başyndaky gubernatory bilen bäsleşikde ýeňiji bolan, has köp ses bilen saýlanan meşhur häkim Furgal Orsýetiň Liberal Demokratik Partiýasynyň agzasy bolup durýar.

Ol we onuň tarapdarlary bildirilýän aýyplamalaryň syýasy sebäplidigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG