Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň patyşasy Salman bilen telefonda gürleşdi 


Saud Arabystanynyň patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud
Saud Arabystanynyň patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji awgustda Saud Arabystanynyň patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefonda gürleşdi.

Döwlet baştutany Saud Arabystanynyň patyşasynyň näsaglap, hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edendigini belledi diýip, TDH telefon gürrüňiniň bir-biregi Gurban baýramy bilen gutlamak esasynda dowam etdirilendigini habar berýär.

Şeýle-de Berdimuhamedow türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesinden kanagatlanýandygyny aýdyp, “COVID-19 ýokanjynyň öňüni almagyň we oňa garşy göreşmegiň täze usullarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň garaşylýan netijeleri gazanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi”.

Berdimuhamedow 31-nji iýulda türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen eden telefon gürrüňinde hem pandemiýa meselesine degip geçdi we Türkiýäniň Türkmenistana iberen lukmançylyk we şahsy goranyş serişdeleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistan koronawirus pandemiýasy döwründe goňşy ýurtlary bolan Owganystana, Eýrana we Orsýetiň Astrahan sebitine hem ynsanperwer kömek ýollady.

Şu aralykda ýurduň öz saglyk edalarynyň hem uly kömege mätäçdigi belli boldy we BSG 15-nji iýulda Türkmenistana saglyk enjamlaryny we ynsanprerwer kömegini ýollady, ÝB-niň ýörite programmasynyň çäginde Türkmenistana gorag serişdeleriniň, COVID-19 synaglary üçin enjamlaryň we kislorod generatorlarynyň iberiljekdigi belli boldy; BAE-den 60 tonna saglyk enjamy iberildi.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan ýurtdaky saglyk işgärleriniň ýokanç kesele garşy göreşde çekýän kynçylyklary, derman we gorag serişdeleriniň ýetmezçiligi barada çykýan maglumatlara hiç bir düşündiriş bermeýär.

XS
SM
MD
LG