Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat bäş aýda tas 6 million dollarlyk ýeralma, sogan-sarymsak we süýt-gatyk import etdi


TDH-nyň ýazmagyna görä, lebaply telekeçi Rüstem Bäşimow şu ýylyň fewralynda 370 gektar ýere ýeralma ekip, onuň her gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýar.
TDH-nyň ýazmagyna görä, lebaply telekeçi Rüstem Bäşimow şu ýylyň fewralynda 370 gektar ýere ýeralma ekip, onuň her gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýar.


“Trend” habar gullugy, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda daşary ýurtlardan köp mukdarda ýeralma, sogan we sarymsak satyn alandygyny habar berýär.

Bu maglumat türkmen mediasynyň ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigi barada berýän habarlaryna ters gelýär.

Gürrüňi edilýän döwürde Türkmenistana Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine girýän ýurtlardan umumy bahasy 5 million 904 müň dollar bolan 26,5 million kilogram ýeralma eksport edildi.

Türkmenistana edilen eksportda Gazagystana 2 million 290 müň dollarlyk, Gyrgyzystana takmynan 508 müň dollarlyk, Orsýete bolsa 3 million 105 müň dollarlyk ýeralma düşýär.

Bu ýurtlar Türkmenistana ýyl başyndan iýuna çenli aralykda umumy bahasy 279,000 dollara barabar bolan gök önüm, 3,2 million kilogram sogan we sarymsak hem eksport etdi. Bu eksport önümlerinden Gazagystanyň paýyna takmynan 245 müň dollarlyk, Gyrgyzystanyň paýyna 32 müň dollarlyk ýük, Orsýete 2,7 müň dollarlyk ýük düşýär.

Şeýle-de, bu döwürde Türkmenistan Orsýetden we Belarusdan süýt önümlerini hem satyn aldy. Umuman alanyňda, takmynan 706 müň dollar bahasy bolan 300 müň tonna süýt-gatyk import edildi, statistika maglumatlary bu söwdadan Belarusyň paýyna 622 müň dollaryň, Orsýetiň paýyna bolsa 83 müň dollardan gowrak serişdäniň düşendigini görkezýär.

Türkmenistanda ýurduň ilkinji we häzirki prezidentiniň alyp baran oba hojalyk syýasatlary ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň görülmedik derejelerde pese gaçmagyna we ýurduň bazarlarynyň daşary ýurtlaryň önüm öndürijilerine barha kän garaşly bolmagyna alyp geldi diýip, synçylar aýdýar.

Emma muňa garamazdan, türkmen hökümeti emele gelen ýagdaýdan çykmak üçin emeldarlary täzelemekden ýa käýinç, soňky duýduryş bermekden başga çäre gözleýänä meňzemeýär.

XS
SM
MD
LG