Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran “çylşyrymly” operasiýa bilen düýbi ABŞ-da ýerleşýän bir oppozisiýa toparynyň ýolbaşçysyny tussag edendigini aýdýar


Jamşid Şarmahd
Jamşid Şarmahd

Eýran häkimiýetleri 2008-nji ýylda bolan bombaly hüjüme we beýleki hüjümlere gatyşmakda aýyplaýan düýbi ABŞ-da ýerleşýän bir oppozisiýa toparynyň ýolbaşçysyny tussag edendiklerini aýdýarlar.

Aňtaw ministrligi 1-nji awgustda kän bir tanalmaýan “Eýranyň Patyşalyk mejlisiniň”, ýagny “Tondaryň” ýolbaşçysy Jamşid Şarmahdy tussag edendigini aýtdy.

Beýanatda howpsuzlyk gulluklarynyň Şarmahdy “çylşyrymly operasiýa” bilen ele salandygy aýdylýar, ýöne tussag etmek işiniň nähili, nirede we haçan amala aşyrylandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Eýran telewideniýesi “günäsini boýun alýan” hem-de özüni Şarmahd diýip tanyşdyrýan bir adamyň wideosyny görkezdi. Eýran tussaglary gynap, olara zor bilen “günä boýun aldyrmakda” tanalýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bir metbugat wekili Şarmahdyň tussag edilmegi baradaky “habarlardan” ABŞ hökümetiniň “habarlydygyny” Reuterse gürrüň berdi.

“Eýran režiminiň eýranlylary we daşary ýurt raýatlaryny galp aýyplamalar bilen tussag etmekde köp ýyllyk taryhy bar. Biz Eýrany doly aç-açanlyga we ähli halkara hukuk ülňülerine boýun bolmaga çagyrýarys” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary aýtdy.

“Tondar” Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň elektron hatyna derhal jogap bermedi. Onuň websaýtynda goýlan iki telefon belgi işlemeýär.

Topar öz websaýtynda çap eden beýanatynda “dürli toparlar baradaky gürrüňleri” aç-açan tassyklamazdan, Şarmahdyň “alnyp gaçylandygyny” aýtdy.

Düýbi Los-Anjelsde ýerleşýän “Tondar” yslam respublikasyny agdarmagy hem-de Beýik Siriusyňky ýaly monarhiýany täzeden dikeltmegi maksat edinýändigini aýdýar. Toparyň daşary ýurtlarda eýrançy oppozisiýa radiosy we telewizion stansiýasy, şeýle-de sosial media kanallary bar.

Toparyň websaýtyna görä, eýranly we germaniýaly elektronika inženeri bolan Şarmahd 1955-nji ýylda Tähranda doguldy we 2003-nji ýylda Los Anjelse göçmezden ozal Germaniýada ýaşaýardy.

Aňtaw ministrligi toparyň “Eýrandaky ýaragly we terrorçylykly hereketleri Amerikadan dolandyrandygyny” aýtdy.

Ministrlik Şarmahdyň 2008-nji ýylda günorta Şiraz şäherinde bir dini merkezde bolan we 14 adamyň ölümine, 215 adamyň ýaralanmagyna getiren partlamany planlaşdyrandygyny we dolandyrandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de ministrlik birnäçe ýylyň dowamynda Eýranyň aňtaw gulluklarynyň ençeme hüjümi, şol sanda Şirazda bir bende, Ymam Homeýni mawzoleýine we Tährandaky bir Kitap ýarmarkasyna planlaşdyrylan hüjümi puja çykarandygyny öňe sürdi.

Käbir media maglumatlaryna görä, Şarmahd Şirazda bolan partlama boýunça jogapkärçiligi öz üstüne alypdyr. “Tonadryň” websaýty Şiraz hüjümi barada özleriniň ýaýlyma beren habaryndan soň, Eýran häkimiýetleriniň hüjüm boýunça topary aýyplandygyny aýdýar. Eýran 2009-njy ýylda bu bombaly hüjüme gatyşmakda höküm çykarylan üç adama ölüm jezasyny berdi.

“Tondar” şol üç adamyň öz toparlarynyň agzasydygyny aýdýar.

“Tondar” käbir hüjümleriň, şol sanda Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy tarapyndan ulanylan bir seminariýa 2019-njy ýylyň iýun aýynda amala aşyrylan bomba hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Şeýle-de, topar 2016-njy ýylda nebiti gaýtadan işleýän bir zawodda bolan partlamanyň jogapkärçiligini hem öz üstüne aldy.

2007-nji ýylda “Tondaryň” esaslandyryjysy Frud Foladwand hem-de toparyň ýene iki agzasy ýitirim boldy. Amnesty International munuň Türkiýäniň serhedinde ýerleşýän Hakkari welaýatynda Eýranyň geçiren aňtaw operasiýasy bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Aňtaw ministri Mahmud Alawi “Tondary” “zorluga iň köp ýykgyn edýän” patyşaçy oppozisiýa topary diýip atlandyrdy.

“Biziň Interpola beren şikaýatymyza garamazdan, Şarmahd öz ady bilen hemme ýere syýahat ederdi. Bu, amerikalylaryň we olaryň ýewropaly ýaranlarynyň terrorçylyga garşy şygarlarynyň boşdugyny görkezýär” diýip, ol döwlet telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy.

Şarmahdyň gümürtik şertlerde tussag edilmegi Birleşen Ştatlaryň Eýranyň 2018-nji ýyldaky halkara ýadro şertnamasyndan çekilmeginden soň hem-de oňa garşy agyr sanksiýalary täzeden güýje girizmeginden soň ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanýan wagtyna gabat gelýär.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlary Eýrany Ýakyn Gündogary durnuksyzlaşdyrmakda we sebitde terrorçy toparlary we meýletin jeňçileri goldamakda aýyplaýar.

Bosgunlykda başga-da oppozisiýa toparlary bar wagty, 2015-nji ýyldaky ylalaşygyň şertleri barada gepleşik geçirende Eýranyň birnäçe gezek “Tonadra” üns çekendigi habar berildi.

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif Günbatary “ ikiýüzlülikde” aýyplady.

“Günbatar terrorçylara eýe çykmagy we olary maliýeleşdirmegi bes etmeli” diýip, ol Twitterde aýtdy.

Eýran geçmişde ençeme oppozisiýaçyny öldürmekde we alyp gaçmakda tanalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG