Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu ýylda Merkezi Aziýada geçjek saýlawlar. Täze epidemiýa köne netijeleri berse gerek


Bişkek keselhanasynyň plede oranan bir näsagy. 2020-nji ýylyň 16-njy iýuly.

Bu ýyl Gyrgyzystanda parlament, Täjigistanda bolsa prezidentlik saýlawlary geçmeli. Bilermenler pandemiýa döwründe geçjek saýlawlaryň adalatly hem açyk boljakdygyna şübhe bildirýärler.

Gyrgyzystanda parlament saýlawlary 4-nji oktýabrda geçmeli. Ýöne koronawirus pandemiýasy döwründe saýlaw geçirmek meselesi jemgyýetde alada döredýär, sebäbi Gyrgyzystanda koronawirusa ýolugýanlaryň hem ol wirusdan ölýänleriň sany entek azalyp baranok. Keselhanalaryň ýetmezligi wirusa ýoluganlary bejermekde kynçylyk döredýär. Medisina işgärleriniň arasynda-da ol infeksiýa ýolugýanlaryň hem ölýänleriň sany artýar.

Mundan öň 12-nji aprele ýerli Geňeşlere geçirilmeli saýlawlar pandemiýa sebäpli näbelli möhlete yza süýşürildi. Gyrgyzystanda soňky parlament saýlawlary 2015-nji ýylda geçipdi. Oňa 14 partiýa gatnaşdy, häzir bolsa saýlawlara gatnaşmaga meýillidigini aýdyp, 44 syýasy partiýa Merkezi saýlaw komissiýasyna (MSK) arza berdi. Ol partiýalaryň saýlaw üçin öz kandidatlaryny teklip etjek ýygnaklary bu ýylda onlaýn arkaly amala aşyrylmaly edildi. Ýöne MSK syýasy partiýalara onlaýyn ulgamynda agitasiýa kompaniýalaryna başlamaga entek ýol berenok, sebäbi «munuň kanunda görkezilmedigini» aýdýar.

Täjigistanda bolsa parlament saýlawlary mart aýynyň başynda geçipdi. O döwürde, umuman, Merkezi Aziýada koronawirusyň bardygy resmi taýdan yglan edilmändi. Resmi Duşenbe ol epidemiýa garşy zerur çäreleri görse-de, koronawirusyň bardygyny diňe aprel aýynyň aýagynda yglan etdi. Indi Täjigistanda prezidentlik saýlawy geçirilmeli.

«SAÝLAW WAGTYNDA ÝETERLIK SYNÇYLAR BOLMAZ»

Soňky wagtlarda Gyrgyzystanda pandemiýa sebäpli parlament saýlawlaryny yza süýşürmek barada häli-şindi aýdylýar. Mundan öň Gyrgyzystanda hiç mahal saýlaw yza geçirilmändi. Eýsem pandemiýa wagtynda hakyky saýlawlary nädip geçirip bolar? Saýlaw kompaniýasy döwründe jemgyýet nähili kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz durar? Ýerli syýasaty öwreniji Emilbek Žoroýew owaly bilen bu meselede saýlawçylaryň hem saýlawa gatnaşýan kandidatlaryň saglyk meselesiniň alada döretjegini belleýär.

— Mundan daşary-da, agitasiýa işlerine degişli meseleler bar, bütin ýurt koronawirus howpunyň alnynda duran wagtynda, saýlawlaryň nä derejede aýdyň hem adalatly geçjekdigi belli däl. Sesleri satyn almak, administratiw – wezipe mümkinçiliklerinden peýdalanmak pandemiýadan öň hem bardy. Ondan daşary-da, saýlawlar wagtynda synçylaryň ýeterlik bolmajagy belli – diýip, bilermen Azatlyk Radiosy bilen gürleşende aýtdy.

Her nähili-de bolsa, Emilbek Žoroýewiň sözüne görä, oktýabra çenli epidemiýa pese düşmedik ýagdaýynda-da, saýlawlary yza süýşürip bolmaz.

— Sebäbi saýlawyň wagty Konstitusiýa laýyklykda bellendi. Saýlaw yza süýşürilse, munuň özi nämälimlige alyp barar. Häzirki çagyrylyşdaky deputatlaryň ligitimligi hem sorag astynda galýar. Häzirki çagyrylyşdaky deputatlardan millet onsuzam närazy – diýip, Emilbek Žoroýew belleýär.

SAÝLAW FONDUNY EPIDEMIÝA GARŞY GÖREŞE GÖNÜKDIRIP BOLARMY?

Gyrgyzystanly syýasatçy Feliks Kulowyň pikirine görä, syýasy partiýalaryň saýlawlardan öňinçä geçirýän kompaniýalaryny maksada laýyk gurnamak mümkin bolmaz. Sebäbi Konstitusiýa boýunça nobatdaky saýlaw öňki deputatlaryň möhleti gutarandan soň, şol aýyň başky ýekşenbe gününde geçirilmeli. Şoňa görä, döwlet ýolbaşçysynyň saýlawlary başga bir möhlete geçirmäge haky ýok diýip, Feliks Kulow belleýär. Bilermeniň pikirine görä, saýlawy diňe tutuş ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan edilende ýa-da harby ýagdaý ýüze çykanda üýtgedip bolar.

— Saýlawlary yzky möhlete geçirmegiň hatyrasyna ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etmek ýerliksiz çözgüt bolardy. Munuň ikisi-de goşmaça kynçylyklary döredip biler, adatdan daşary ýagdaý wagtynda köp serişde hem köp güýç ulanmaly bolarlar, halkara derejesinde-de ol dürli düşünişmezligi döredip biler – diýip, syýasy bilermen belleýär.

Muňa garamazdan, bilermen ýagdaýdan baş alyp çykmagyň örän ýönekeýdigini-de aýdýar: prezidentiň ýagdaýa görä karar çykaryp bilmegi üçin, deputatlar birnäçe kanuny üýtgedip bilerler.

— Merkezi saýlaw komissiýasynyň (MSK) maglumatyna görä, parlament saýlawlaryny geçirmek üçin 800 million somdan gowrak (häzirki kursdan 10 mil. dollardan köpräk) bölünip berlipdir. Raýat jemgyýetçiliginiň bellemegine görä, ol möçberdäki puly pandemiýa garşy göreşe harç etseler gowy bolardy. Saýlawy hem-de häzirki deputatlaryň mandatlyk hukugyny yza süýşürmek mümkin, ýöne möhletinden artyk işleýän deputatlara aýlyk haklarynyň tölenmezlik şerti bilen. Şonda býujet serişdelerini belli derejede tygşytlap bolardy. Ýöne deputatlary aýlyksyz işe gaýtaryp getirip bolarmy diýen sowal döreýär – diýip, F. Kulow aýdýar.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň deputatlary 30-njy iýundan tomusky kanikula çykdylar. Olar nobatdaky saýlawlar geçip, täze çagyrylyş bolýança, öz wezipelerini ýerine ýetirmeli. Häzirki parlamentdäki birnäçe deputat saýlawlary yza geçirmek üçin, nobatdan daşary sessiýa geçirmäge çagyryş etdiler. Olardan biri Žanarbek Akaýew saýlawlary geçirmezlik üçin, ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegi öňe sürdi. Nobatdan daşary sessiýany diňe deputatlaryň üçden bir böleginiň haýyşy bilen geçirip bolar.

2020-nji ýylyň býujetinde saýlawlar üçin umumylykda 732 million som (9 million 430 müň dollar çemesi) harçlamak göz öňünde tutuldy. Ýöne MSK «dürli partnýorlaryň ýardamy hem maslahaty netijesinde ol goýberilen puldan 95 million som (25% çemesi) azaltmagy göz öňünde tutýar» diýip habar berdi. «Bu möhüm gysgaldylma pandemiýa bilen baglanyşykly MSK-nyň inisiatiwasy bilen öňe sürlüp, Žokorky Keneş tarapyndan garaldy hem kabul edildi» diýip, MSK mälim etdi.

SAÝLAWDAN SOŇKY SAÝLAW

Täjigistanda geçirilmeli prezidentlik saýlawynyň möhleti entek takyk belli däl. Ýöne graždanlyk urşy döwründen döwlet başyna gelen häzirki prezident Emomali Rahmon ýygy-ýygy ýurduň içine aýlanýar. Bu onuň «пишво-е миллат» — milletiň lideri derejesini alandan soňky ilkinji gatnaşjak saýlawy bolar.

67 ýaşly Emomali Rahmon kanun aktlaryna laýyklykda, prezidentlik saýlawlaryna çäklendirlimedik derejede gatnaşmaga hukuk gazandy. Nobatdaky saýlawlara gatnaşyp-gatnaşmazlygy entek resmi taýdan mälim bolmasa-da, 2015-nji ýylda Konstitusiýa girizilen reforma laýyklykda, özüne mirasdar saýlamaga-da mümkinçilik aldy. Prezidentiň ogly Rustam şu ýyl parlamente saýlandy hem ýokary öýüň – Milli Mejlisiň başlygy boldy. Ol wezipe bolsa ýurtda prezidentden soňraky ikinji adam saýylýar.

Bilermenler şu ýylyň güýzünde pandemiýa wagtynda geçjek prezidentlik saýlawlaryndan üýtgeşik bir täzelige garaşyp bolmajagyny aýdýarlar.

RAHMONYŇ ORNUNA – RAHMONMY?

Media serişdeleri boýunça täjigistanly bilermen Abdulmalik Kodirow hökümetleriň geljekki saýlawlar babatynda ýaşyryn agitasiýa alyp barýandygyny aýdýar.

— Birnäçe telewideniýe kanallary (8 merkezi hem 3 sebitara kanal) geçen graždanlyk urşuny berk ýazgarýan gepleşikleri alyp barýarlar hem yslam oppozisiýasyny tankytlaýarlar. Ol programmalaryň ählisinde Emomali Rahmonyň hyzmaty öňe sürilýär – diýip, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde metbugat bilermeni A. Kodirow belledi.

Oppozisiýanyň täsirinde bolan Yslam täzeden döreýiş partiýasy ýurtda graždanlyk urşy dowam eden döwründe (1992 - 1997) hökümete oppozisiýada durdy hem ahyrynda ylalaşyga gelip, hökümetden ýer alyp bildi. Ýöne 2000-nji ýylda oppozisiýadaky partiýa gazanylan ylalaşygy bozýanlykda prezident Emomali Rahmony tankytlady. Olar Konstitusiýa üýtgeşme girizip, Emomali Rahmonyň täzeden prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmakçy bolýandygyny ýazgardylar. Soňra bu partiýa gadagan edildi hem 2015-nji ýylda «terroristik gurama» hasaplandy. Ol partiýanyň agzalary häzire çenli-de yzarlanýar. Oppozisiýadaky partiýa basyş edýändigi üçin, ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Täjigistany tankytlaýarlar.

Bilermen Abdulmalik Kodirowyň pikirine görä, prezidentlik saýlawlary yza süýşürilmez.

— Sebäbi saýlawy yza süýşürmek goşmaça çykdajylary talap edýär. Onsuzam saýlawda kimiň ýeňjegi belli. Pandemiýa ýok wagtlarynda-da Täjigistanda hiç mahal adalatly saýlaw geçmändi. Eger güýzde koronawirus epidemiýasy güýçlenip başlasa, saýlawyň wagtynyň üýtgemegi mümkin – diýip, bilermen aýdýar.

Ekspertiň sözüne görä, bu ýerde köpçüligi gyzyklandyrýan esasy zat saýlawa Emomali Rahmonyň diňe özi gatnaşarmy ýa-da öz ogluna-da saýlawlara gatnaşmaga rugsat berermi diýen sowal bolup durýar. «Bu häzir Täjigistanyň syýasy durmuşyndaky ýeke-täk intriga» diýip, Abdulmalik Kodirow Azatlyk Radiosy bilen gürleşende aýtdy.

Milletiň lideri derejesini alan Emomali Rahmon saýlawlara gatnaşmadyk şertinde, ol parlamentiň ýokarky öýüniň – Milli Mejlisiň ömürlik agzasy hem Täjigistanyň Milli bitewilik we täzeden döreýiş Hereketiniň başlygy bolup galar.

Şol wagtyň özünde Täjigistanda koronawirus infeksiýasy bilen keselleýänler artýar hem ondan ölýänleriň sany az däl.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG