Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus resmileri oppozisiýanyň ýörişlerini ýatyrýar


Resmiler Salihorsk şäherinde geçmeli ýörişe päsgelçilik döretdiler. 4-nji awgust, 2020 ý.

Belarus resmileri 9-njy awgustda geçmeli saýlawlaryň öňüsyrasynda prezidentlige dalaş edýän Swýatlana Tsihanouskaýanyň kampaniýasynyň gurnaýan çärelerini nobatdaky gezek ýatyrdylar. Resmiler muny syýasy ýörişiň geçmeli ýerlerinde zerur abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen düşündirdiler.

4-nji awgustda Minskden 100 kilometr günortada ýerleşýän Slutsk şäherinde ýerli resmiler çäräniň geçmeli ýerinde ‘zerur’ abatlaýyş işleriniň geçirilmelidigini aýdyp, bu sebäpli planlaşdyrylan oppozisiýa ýörişiniň hem ýatyrylýandygyny yglan etdiler.

‘Wýasna’ adam hukuklaryny goraýan merkeziň maglumatlaryna görä, polisiýa we raýat eşigindäki howpsuzlyk gulluklary oppozisiýa ýörişine gelen ýüzlerçe adamyň hataryndan azyndan 17 adamy saklapdyrlar.

Tsihanouskaýa 4-nji awgust giçlik Salihorsk şäherinde geçmeli ýörişini hem ýatyrmaga mejbur boldy. Şäheriň resmileri çäräniň geçmeli ýerine ekskawatory getirip, ýeri gazyp başladylar. Polisiýa çärä gelen adamlary dargatdy we azyndan bäş adamy tussag etdi.

Mundan bir gün öň, Stolbtsy şäherinde hem resmiler Tsihanouskaýanyň kampaniýasy tarapyndan gurnalan maslahatyň geçýän ýerine gurluşyk tehnikasyny getirip, päsgelçilik döretdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG