Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

10 million owganyň koronawirusa ýolugandygy çak edilýär


Kabulda maska geýen köçe satyjysy. 18-nji iýun, 2020 ý.
Kabulda maska geýen köçe satyjysy. 18-nji iýun, 2020 ý.

Owganystanyň Saglyk ministrligi ilatyň üçden bir bölegine, 10 million adama, koronawirusyň ýokaşandygyny çaklady.

Saglyk ministri Ahmad Jawad Osmani 5-nji awgustda žurnalistlere Bütindünýä saglyk guramasynyň tehniki kömegi bilen geçirilen barlagyň tutuş ýurt boýunça 9,500 adamda geçirilen antitela testlerine esaslanýandygyny aýtdy.

Barlag 32 million ilatyň tas 31,5 prosentine wirusyň ýokaşandygyny çaklady. Kabulyň 5 million ilatynyň tas ýarysyna wirus ýokaşandyr öýdülýär.

Saglygy goraýyş ulgamy gowşak we onlarça ýyl bäri uruşdan ejir çekip gelýän Owganystanyň test mümkinçilikleri çäklidir.

Ýurtda 5-nji awgusta çenli resmi taýdan 36,829 koronawirus wakasy we 1,294 ölümi hasaba alyndy, ýöne hakyky sanlaryň has ýokarydygyna ynanylýar.

“Ýokançlygyň ikinji tolkuny dünýäniň hemme ýerlerinde bolup geçýär, biz munda kadadan çykma bolup bilmeris” diýip, Osmani aýtdy.

“Biz bu gözlegiň netijelerinden mümkin bolan ikinji tolkuna özümizi has gowy taýýarlamak üçin ulanarys” diýip, ol belledi.

Osmani Owganystanda koronawirusyň ölüm derejesi boýunça barlagyň indi geçirilýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG