Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýany çylşyrymly onlaýn maglumat galplygynda we propaganda işinde aýyplaýar


Russiýanyň "SWR" daşary aňtaw agentligi tarapyndan ýöredilýän "Strategiki medeniýet gaznasynyň" onlaýn žurnaly.
Russiýanyň "SWR" daşary aňtaw agentligi tarapyndan ýöredilýän "Strategiki medeniýet gaznasynyň" onlaýn žurnaly.

Birleşen Ştatlary Russiýany koronawirus pandemiýasynyň we beýleki meseleleriň töwereginde galp maglumat we propaganda ýaýratmak üçin çylşyrymly “ulgam” işläp düzmekde aýyplaýar.

5-nji awgustda çap edilen täze hasabatda Döwlet departamenti Russiýanyň bulam-bujarlyk we gorky döretmek maksady bilen alyp barýan onlaýn operasiýalarynyň ýalan maglumatlary we konspirasiýa teoriýalaryny, dildüwşük taglymatlaryny güýçlendirmek üçin “bäş esasy sütünden” peýdalanýandygyny aýtdy.

“Russiýa köp temanyň töwereginde galp maglumat we propaganda ýaýratmakda möhüm rol oýnaýar” diýip, Döwlet departamentiniň Global Gatnaşyk Merkeziniň başlygy Le Gabrielle aýtdy.

Hasabat, esasan, Kremliň koronawirus pandemiýasy barada galp maglumat ýaýratmak ugrundaky soňky tagallalaryna üns jemleýär.

“Bu ulgam bäş esasy sütünden ybaratdyr: resmi hökümet aragatnaşyklary, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän global habarlaşma, proksi çeşmelerini ösdürmek, sosial mediadan ýarag hökmünde peýdalanmak hem-de kiber mümkinçilikli dezinformasiýa” diýip, hasabat aýdýar.

“Kreml maglumaty ýarag hökmünde ulanmak çemeleşmeleriniň çäginde taktikalary we platformalary ösdürmekde gönüden-göni jogapkärçilik çekýär” diýip, hasabat belleýär.

Hasabatyň agramly bölegi rus maglumat gaplygyny we propagandasyny ýaýratmak üçin ulanylýan web-saýtlara üns jemleýär. Döwlet departamenti bu habar saýtlaryny we barlag institutlaryny “has giň ekosistemanyň möhüm birleşdiriji dokumalary” häsiýetlendirdi. Hasabat şeýle proksi saýtlaryň ýedisi barada maglumat berýär, ýöne täsir we göwrüm taýdan dürli-dürli başga-da şeýle ençeme saýtyň bardygyny aýdýar. Bu web-saýtlar dürli temalar, şol sanda koronawirus barada konspirasiýa teoriýalaryny, dildüwşükleri wagyz edýär.

XS
SM
MD
LG