Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bloomberg: Moskwaly emeldarlara COVID-19 sanjymyny almak teklip edilýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Moskwaly saglyk işgärleriniň we hökümet emeldarlarynyň bir toparyna koronawirusa garşy sanjym almak teklip edildi, emma bu sanjym heniz hasaba alnanok we onuň ýakyn wagtda resmi taýdan tassyklanmagyna garaşylýar diýip, “Bloomberg” öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Bu ýerde Gamaleýa instituty tarapyndan işlenip düzülen sanjym, waksina hakynda gürrüň edilýär. Bu waksinanyň şu aýda öňünden, deslapky hasaba alynmagyna we sentýabr aýynda köpçülikleýin öndürilip başlanmagyna garaşylýar.

Eger bu sanjym resmi hasaba alynsa, ol dünýäde hasaba alnan ilkinji koronawirus sanjymy bolup biler.

Emma muňa garamazdan, geçirilen synaglar barada jikme-jik maglumatlar çap edilmedi we sanjymlaryň beýle tiz wagtda döredilmegi hünärmenlerde sorag döredýär.

Şol bir wagtda-da, sanjym almaga gatnaşmak çakylygynda onuň howpsuzdygy aýdylýar diýip, “Bloomberg” belleýär. Moskwa şäher hökümetiniň metbugat gullugy bu maglumat boýunça düşündiriş bermedi.

“Eho Moskwy” radiosynyň maglumatyna görä, synag sanjymyny almak çakylygyny alanlaryň arasynda Moskwanyň Jemgyýetçilik palatasynyň başlygynyň orunbasary, “Ehonyň” baş redaktory Alekseý Wenediktow dagy hem bar. Emma ol sanjym etdirmekden ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG